Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Perişdeler Isanyň doglandygyny aýdýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Perişdeler çopanlara Isanyň doglandygyny buşlaýar

      70-NJI SAPAK

      Perişdeler Isanyň doglandygyny aýdýar

      Sezar Awgust Rimiň patyşasydy. Ol ähli ýehudylara doglan şäherine gidip, adyny belletmegi tabşyrýar. Ýusup Beýtullaham şäherinde doglupdy. Ol ýerde ulalypdy. Şonuň üçin hem ol Merýem bilen Beýtullahama gidýär. Şol günler Merýemiň çagasy bolmaly wagty golaýlapdy.

      Olar Beýtullahama barýar. Ýöne ýaşamaga hiç hili ýer tapmaýarlar. Merýemiň şol wagt çagasy doguljak bolýardy. Şonuň üçin olar malýataga barýarlar. Şol ýerde Isa dogulýar. Merýem ony ýumşajyk mata dolaýar. Soňra ony mallaryň ot iýýän gabynda ýatyrýar.

      Beýtullahamyň golaýynda çopanlar mal bakýardy. Olar gijelerine daşarda ýatýardylar we mallaryna seredýärdiler. Birdenem çopanlaryň ýanyna perişde gelýär. Daş-töwerek ýagty bolýar. Çopanlar ýaman gorkýar. Perişde olara: «Gorkmaň! Men size gowy zat aýtmaga geldim. Şu gün Beýtullahamda Mesih doguldy» diýýär. Şol wagt başga-da perişdeler görünýär. Perişdeler: «Gökdäki Hudaýa alkyş bolsun! Ýerde parahatlyk bolsun!» diýýär. Perişdeler göge gidensoň çopanlar näme edýär?

      Çopanlar biri-birine: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň» diýýär. Olar derrew Beýtullahama gidip, Ýusuby, Merýemi we bäbejigi görýär.

      Çopanlar perişdäniň aýdan zatlaryny adamlara gürrüň berdiler. Olar hem haýran galdylar. Merýem perişdäniň aýdan zatlary hakda köp oýlanýardy. Olary hiç haçan ýadyndan çykarmady. Çopanlar gören-eşiden zatlary üçin Ýehowa alkyş aýtdylar. Soňra mal bakyp ýören ýerine gaýtdylar.

      «Men Hudaýdan gelip, siziň ýanyňyzda durun. Meniň özüm gelmedim, meni Ol iberdi» (Ýahýa 8:42).

      Soraglar: Perişdeler çopanlara näme diýdi? Çopanlar Beýtullahama näme üçin gitdi?

      Luka 2:1—20; Işaýa 9:6

  • Ýehowa Isany gorady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Merýem bilen Isa eşegiň üstünde otyr, Ýusup bolsa ýöräp barýar

      71-NJI SAPAK

      Ýehowa Isany gorady

      Ysraýylyň gündogarynda ýaşaýan adamlar ýyldyzlaryň ýol görkezýändigine ynanýardylar. Olara müneçjimler diýilýär. Bir gün agşam olar üýtgeşik ýyldyz görýär. Ol ýagty saçýardy we kem-kemden süýşýärdi. Ýyldyz nirä süýşse, adamlar hem şol tarapa gitdiler. Ýyldyz ahyry olary Iýerusalime eltýär. Olar Iýerusalimdäki adamlara: «Bir çaga ýehudylaryň patyşasy bolmaly. Ol nirede? Biz oňa baş egjek» diýýär.

      Şol wagt Hirodes Iýerusalimiň patyşasydy. Ol patyşa bolmaly çaganyň doglandygyny eşidip gorkýar. Uly ruhanylary ýanyna çagyryp: «Patyşa boljak çaga nirede dogulmaly?» diýýär. Olar: «Beýtullaham şäherinde dogulmaly. Muny öňki pygamberler aýdypdyr» diýdiler. Soňra Hirodes müneçjimleri ýanyna çagyrýar. Olara: «Baryň, Beýtullahama gidiň. Şol ýerde çagany tapyň. Onuň nirededigini maňa-da aýdyň. Menem oňa baş egjek» diýýär. Ýöne patyşa ýalan sözleýärdi.

      Ýyldyz olara ýene-de ýol görkezýär. Indi olar Beýtullahama geldiler. Ýyldyz bir jaýyň üstünde durýar. Müneçjimler şol jaýa girdiler. Şonda olar Isany we ejesi Merýemi gördüler. Müneçjimler çaganyň öňünde baş egdiler. Oňa altyn, ladan we mür sowgat berdiler. Olary Ýehowa iberdimi? Ýok.

      Şol gije Ýehowa Ýusubyň düýşüne girýär. Oňa şeýle diýýär: «Hirodes patyşa Isany öldürjek bolýar. Aýalyň bilen ogluňy alyp Müsüre git. Yzyňa gel diýýänçäm, şol ýerde gal». Ýusup maşgalasyny alyp, derrew Müsüre gitdi.

      Ýehowa gündogardan gelen adamlara: «Hirodesiň ýanyna barmaň» diýýär. Olar hem barmaýar. Patyşa olaryň başga ýoldan gaýdandygyny eşidýär. Ol Isany tapyp bilmänsoň, gahary gelýär. Şonuň üçin Isanyň ýaşyndaky ähli oglanjyklary öldürýär. Ýehowa Isany Müsüre iberip, halas edýär.

      Biraz wagt geçensoň, Hirodes patyşa ölýär. Ýehowa Ýusuba: «Maşgalaň bilen ýurduňa git. Hiç kim sizi öldürmez» diýýär. Ýusup aýaly we ogly bilen Ysraýyl ýurduna gelýär. Olar Nazaret şäherinde ýaşap başlaýar.

      «Agzymdan çykan söz hem şeýledir... buýrugymy doly ýerine ýetirer» (Işaýa 55:11).

      Soraglar: Isany näme üçin öldürjek boldular? Ýehowa ony nädip gorady?

      Matta 2:1—23; Mikaý 5:2

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş