61 Maňa Älemiň Hökümdary Ýehowanyň ruhy indi+,
Ýehowa maňa ýumşaklara hoş habary aýtmagy tabşyrdy+.
Hasrat çekýänlere göwünlik bermäge,
Ýesirlere azat boljagyny,
Tussaglara gözüniň açyljagyny aýtmaga iberdi+.
2 Ol meni Ýehowanyň rehimdarlyk ýylyny,
Allanyň ar aljak gününi yglan etmäge+,
Ýas tutýanlara göwünlik bermäge iberdi+.
-
Luka 4:18, 19
Mukaddes Kitap
-
-
18 «Meniň üstüme Ýehowanyň ruhy indi. Ol maňa garyplara hoş habary aýtmagy tabşyrdy. Ýesirlere azat boljagyny wagyz etmäge, körleriň gözüni açmaga, ezilenleri erkinlige çykarmaga+, 19 Ýehowanyň rehim edýän döwri barada aýtmaga iberdi»+.
-
Rimliler 8:20, 21
Mukaddes Kitap
-
-
20 Sebäbi ýaradylan zatlar öz islegi bilen däl-de, Hudaý arkaly boş ýaşaýşyň gulçulygyna tabşyryldy+, ýöne olara hem umyt berildi. 21 Hawa, ýaradylan zatlar çüýreme gulçulygyndan azat bolup+, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarlar.