Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

10-njy oktýabr, anna

Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr (Nak. 9:10).

Elektron enjamyňa birdenkä ahlaksyz suratlar çyksa näme etmeli? Ondan derrew ýüzüňi sowmaly, sebäbi biz Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýan hiç bir zat etmek islemeýäris. Käbir suratlar pornografiýa degişli bolmasa-da, ahlaksyz höwesleri oýarýar. Biz şeýle suratlara-da seretmeli däl, sebäbi ahlaksyzlyga ýüregimizde hiç hili orun bermek islemeýäris (Mat. 5:28, 29). Taýlandda ýaşaýan ýaşuly dogan Deýwid şeýle gürrüň berýär: «Käbir suratlar pornografiýa gönüden-göni degişli bolmaýar. Emma men: „Eger olara seretsem, Ýehowa gynanmazmy?“ diýip oýlanýaryn. Şeýdip, paýhasly karara gelip bilýärin». Biz Ýehowany gynandyrmakdan gorksak, hemişe paýhasly bolarys. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr» diýilýär. w23.06 sah. 23, abz. 12, 13

Her günki aýady okalyň — 2025

11-nji oktýabr, şenbe

Eý halkym, içki otaglaryňyza giriň (Işa. 26:20).

Aýatdaky «içki otaglar» diýen jümle ýygnak duşuşyklaryny aňladýan bolmaly. Bizem dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir sežde etsek, gökdäki Atamyz beren sözünde durar we penasynda aman saklar. Şonuň üçin dogan-uýalaryň ýalňyşyna ýöne bir çydap ýörmän, olary ýürekden söýmeli. Sebäbi uly betbagtçylykda imandaşlaryny ýürekden söýýän adam halas bolar. «Ýehowanyň beýik gününde» ähli adamlar, şol sanda Hudaýyň halky hem ejir çeker (Sep. 1:14, 15). Eger biz şol güne öňünden taýýarlyk görsek, kalbymyz rahat bolar we dogan-uýalary goldap bileris. Şonda biz her hili kynçylyklara çydarys, ejir çekýän dogan-uýalara duýgudaşlyk bildireris we elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys. Biz imandaşlarymyzy ýürekden söýüp, olar üçin janymyzy orta goýmaga taýyn bolarys. Şonda Ýehowa bize ebedi ýaşaýşy peşgeş berer. Ol ýerde gaýgy-aladamyz ýat bolar, göwünlerimiz şat bolar (Işa. 65:17). w23.07 sah. 7, abz. 16, 17

Her günki aýady okalyň — 2025

12-nji oktýabr, ýekşenbe

Hudaý sizi... berkider, güýç berer we çydamly eder (1 Pet. 5:10).

Mukaddes Kitapda hudaýhon adamlaryň güýç-kuwwatlydygy ýazylan. Emma käte güýçli pälwanlar hem ejizleýär. Bir gezek Dawut pygamber «dag ýaly güýçlüdim» diýýär. Başga bir gezek bolsa «örän gorkdum» diýýär (Zeb. 30:7). Şimşon serdar Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly güýç-kuwwatly bolup, adaty ynsanlaryň başarmajak işlerini etdi. Ýöne ol Hudaýyň mukaddes ruhundan mahrum bolansoň güýç-kuwwatdan gaçyp, «beýleki adamlar ýaly boldy» (Ser. 14:5, 6; 16:17). Diýmek, hudaýhon adamlar Allatagalanyň goldawy bilen güýç-kuwwatly bolupdyrlar. Pawlus resul Ýehowanyň berýän güýç-kuwwaty bolmasa hiç zady başarmajakdygyna düşünýärdi (2 Kor. 12:9, 10). Ol ýaramansoň ejizleýärdi (Gal. 4:13, 14). Käte bolsa Pawlus resula ýagşy işleri etmek kyn bolýardy (Rim. 7:18, 19). Ol gelejegini hem alada edip ruhdan düşýärdi (2 Kor. 1:8, 9). Emma Pawlus «ejiz wagtym güýçlüdirin» diýdi, sebäbi Ýehowa wepaly bendesine güýç-kuwwat berip goldaýar. w23.10 sah. 12, abz. 1, 2

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş