-
Rut 4:4—6Mukaddes Kitap
-
-
4 Muny saňa aýtmagy makul bildim. Sen oturan adamlaryň we ýaşulularyň öňünde şol mellegi satyn al+. Satyn alsaň-a al, almasaňam, men aljak. Mellegi satyn almaga ilki seniň hakyň bar, senden soň meniň hakym bar» diýdi. Garyndaşy: «Satyn alaryn» diýdi+. 5 Bowaz: «Sen Nagomydan mellegi alan günüň dul galan gelnini, mowaplardan Ruty hem almaly bolarsyň. Şonda Nagomynyň merhum oglunyň ady ýitmez, mellek hem nesline geçer»+ diýdi. 6 Ol adam: «Mellegi satyn alyp biljek däl, sebäbi satyn alsam, öz mirasyma zyýan ýeter. Maňa derek sen alaý, men-ä alyp biljek däl» diýdi.
-