-
5 Musa 29:22—24Mukaddes Kitap
-
-
22 Ogullaryňyzyň nesilleri we uzak ýurtdan gelen gelmişekler Ýehowanyň ýurda inderen bela-beterlerini, betbagtçylyklaryny görerler. 23 Ýurduň ot, kükürt we duz bilen weýran edilip, ekin-dikinsiz takrap ýatandygyny, Ýehowanyň gahar-gazap bilen ýok eden Sodom we Gomorra+, Adma we Zeboýym şäherleri+ ýaly bolandygyny görerler. 24 Şonda olaram, başga halklaram: „Ýehowa ýurdy näme üçin beýle ýagdaýa saldyka?+ Ol näme üçin gaharlandyka?“ diýerler.
-
-
Ýermeýa 18:16Mukaddes Kitap
-
-
Geçip barýanlar haýran galyp, başyny ýaýkarlar+.
-
-
Hyzkyl 5:15Mukaddes Kitap
-
-
15 Men gahar-gazaba münerin, saňa agyr jeza bererin, çykaran hökümimi berjaý ederin. Şonda goňşy halklar seni ýigrener we kemsider+. Olar bolan ýagdaýdan sapak edinerler, örän gorkarlar. Muny men, Ýehowa aýdýaryn.
-