11 Ýehowa Hudaýyňyz öz ady üçin haýsy ýeri saýlasa+, tabşyryşym ýaly, ýakma gurbanlyklaryňyzy, sadakalaryňyzy, ähli zadyňyzyň ondan bir bölegini+, Ýehowa wada beren sadakalaryňyzy we başga-da sadakalaryňyzy şol ýere eltiň.
12 Hasylyň ondan bir bölegini+ sadaka berýän ýylyňyz, ýagny her üçünji ýyl ähli hasylyňyzyň ondan bir bölegini lewilere, gelmişeklere, ýetimlere we dul aýallara beriň. Goý, olar şäherleriňizde iýip doýsunlar+.