-
4 Musa 32:20—22Mukaddes Kitap
-
-
20 Şonda Musa: «Eliňize ýarag alyp, Ýehowa üçin söweşe çyksaňyz+, 21 hemmäňiz Iordandan geçip, Ýehowa üçin söweşseňiz, Hudaý duşmanlaryny kowup çykarýança+, 22 Ýehowa ýurdy boýun egdirýänçä+, şol ýurtda bolsaňyz+, Ýehowanyň we halkyň öňünde günäli bolmarsyňyz. Ýehowa-da şu topragy size mülk edip berer+.
-
-
Ýuşa 22:1—4Mukaddes Kitap
-
-
22 Soňra Ýuşa rubenleri, gadlary we manaşa taýpasynyň ýarysyny ýygnap, 2 şeýle diýdi: «Siz Ýehowanyň guly Musanyň ähli tabşyrygyny berjaý etdiňiz+, maňa-da gulak asdyňyz+. 3 Şu wagta çenli doganlaryňyzy ýeke goýmadyňyz+, Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyrygyny birkemsiz ýerine ýetirdiňiz+. 4 Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, doganlaryňyza rahatlyk* berdi+. Indi Ýehowanyň guly Musanyň Iordanyň aňyrsyndan* beren mülküne gaýdyp bilersiňiz+.
-