16 Emma äht baglaşanlaryna üç gün bolanda, ysraýyllar olaryň golaýda ýaşaýandygyny bildiler. 17 Ysraýyllar ýola düşüp, üç günden gibgonlylaryň ýaşaýan şäherlerine bardylar. Olar Gibgon+, Kepira, Beýerot we Kirýat-ýegarim+ şäherlerinde ýaşaýardy.
4 Bir gün Süleýman patyşa gurbanlyk bermek üçin Gibgona gitdi, esasy seždegäh şol ýerdedi+. Patyşa gurbanlyk ojagynda* 1 000 sany maly ýakma gurbanlygy edip berdi+.