26 Şawul hem Gibeýa öýüne gaýtdy. Batyrgaý ýigitleriň käbiri Şawul bilen gitdi, sebäbi şeýle islegi olaryň ýüregine Ýehowa guýupdy. 27 Päliýaman adamlar bolsa: «Ol bizi nädip halas etsin-aý?!»+ diýip, Şawuly äsgermezçilik etdiler, sowgat-serpaý hem bermediler+. Emma Şawul sesini çykarmady.