-
1 Musa 17:9, 10Mukaddes Kitap
-
-
9 Soňra Hudaý Ybraýyma: «Sen hem bütin nesliň bilen ähtime wepaly bol. 10 Ikimiziň aramyzda nesilden-nesle dowam etjek ähtim şudur: ähli erkekleriňiz sünnetlensin+.
-
-
Serdarlar 14:3Mukaddes Kitap
-
-
3 Emma kakasy bilen ejesi: «Dogan-garyndaşlaryňdan, öz iliňden gyz tapmadyňmy?+ Indi sünnetsiz piliştliniň gyzyna öýlenjek bolýarmyň?» diýdiler. Şimşon kakasyna: «Alyp beräý-dä, gyz göwnüme ýarady» diýdi.
-
-
Serdarlar 15:18Mukaddes Kitap
-
-
18 Biraz wagtdan ol suwsuzlykdan ýaňa ysgyndan gaçdy. Şimşon Ýehowa ýalbaryp: «Sen guluňa uly ýeňiş berdiň. Indi men damagym kepäp ölmelimi? Sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi.
-
-
1 Şamuwel 17:36Mukaddes Kitap
-
-
36 Guluňyz ýolbars bilen aýyny öldürdi. Sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, sebäbi ol Biribaryň goşunyna dil ýetirýär»+ diýdi.
-