-
1 Taryh 19:1—5Mukaddes Kitap
-
-
19 Birnäçe wagtdan ammonlaryň patyşasy Nahaş aradan çykyp, ogly patyşa boldy+. 2 Şonda Dawut: «Nahaşyň maňa ýagşylyk edişi* ýaly, menem ogly Hanuna ýagşylyk edeýin»+ diýip, kakasynyň ölümine gynanç bildirmek üçin, wekillerini ýollady. Emma Dawudyň hyzmatkärleri Hanuna göwünlik bermek üçin ammonlaryň+ ýurduna baranda, 3 ammon han-begleri Hanuna şeýle diýdiler: «Dawut hyzmatkärlerini kakaň pahyry sylap ugradandyr öýdýäňmi? Ol hyzmatkärlerini ýurdy gözden geçirip, bar zady anyklamaga iberendir. Dawut seni tagtdan düşürjek bolýandyr» diýdiler. 4 Şonda Hanun Dawudyň hyzmatkärleriniň sakgalyny gyrkyp+, eşikleriniň bilinden aşagyny kesip, yzyna ýollady. 5 Dawut muny eşiden badyna, adam iberip, olara: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihonda+ galyň, soň gelersiňiz» diýdi, sebäbi olar masgara bolupdy.
-