-
1 Taryh 19:10—13Mukaddes Kitap
-
-
10 Ýowap duşmanlaryň öňdenem, yzdanam çozup gelýänini görende, Ysraýylyň edermen esgerlerinden käbirini saýlap, siriýalylaryň garşysynda hatara düzdi+. 11 Galan esgerleri bolsa dogany Abyşaýa+ tabşyrdy. Abyşaý olary hatara durzup, ammonlara gaýtawul bermelidi. 12 Ýowap oňa: «Eger siriýalylar+ menden üstün çykyp başlasa, sen maňa kömege gelersiň. Ýöne ammonlar senden üstün çykyp başlasa, men saňa kömege bararyn. 13 Dogumly we batyrgaý boluň+, halk üçin, Hudaýymyzyň şäherleri üçin söweşiň! Galan zadam Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun!» diýdi.
-