-
1 Taryh 22:9, 10Mukaddes Kitap
-
-
9 Seniň bir ogluň bolar+, ol parahatlyk söýüji adam bolar. Ony daş-töwerekdäki duşmanlardan goraryn*+, şonuň üçin adyna Süleýman*+ diýerler. Süleýmanyň höküm süren döwri ysraýyl halkyny parahat ýaşadaryn+. 10 Adymy göterjek öýi şol ogluň gurar+. Ol meniň oglum, men hem onuň atasy bolaryn+. Ysraýylda onuň patyşalygyny hiç wagt sarsdyrmaryn“+ diýdi.
-
-
2 Taryh 2:4Mukaddes Kitap
-
-
4 Men Ýehowa Hudaýymyň adyny göterýän öý gurjak bolýaryn. Ybadathanany Hudaýyma bagyşlap, her gün ertirine-agşamyna+, Sabat günlerinde+, Täze aý baýramynda+ we Ýehowa Hudaýymyzyň baýramçylyklarynda+ hoşboý ysly tütetgi ýakaryn+, hödür çöregini hödürlärin+, ýakma gurbanlyklary bererin. Şol zatlar Ysraýyl üçin hemişelik kanun bolar.
-