-
2 Patyşalar 23:16, 17Mukaddes Kitap
-
-
16 Ýoşyýa daş-töweregine göz aýlap, dagda duran mazarlygy gördi. Ol merhumlaryň süňklerini çykardyp, gurbanlyk ojagynda ýakdy-da, ulanylmaz ýaly etdi*. Şeýdip, Ýehowanyň pygamberi arkaly aýdan sözi berjaý boldy+. 17 Soňra patyşa: «Şol duran daş kimiň mazary?» diýip sorady. Şäheriň ýaşaýjylary: «Ýahudaly pygamberiň*+ mazary. Ol seniň Beýteldäki gurbanlyk ojagyny ýok etjegiňi öňünden aýdypdy» diýdiler.
-