15 Ol Beýteldäki gurbanlyk ojagyny, Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň guran seždegähini ýumurdy+. Soňra ol seždegähi otlap, kül etdi, keramatly pürsi* hem ýakdy+.
19 Ýoşyýa patyşa Samariýanyň şäherleriniň depelerinde gurlan seždegähleri-de aýyrdy+. Ysraýyl patyşalary şol seždegähleri gurup, Hudaýyň göwnüne degipdiler. Ýoşyýa bolsa Beýtelde edişi ýaly, olaryň ählisini ýumurdy+.