-
2 Şamuwel 5:19—21Mukaddes Kitap
-
-
19 Dawut Ýehowadan: «Piliştliler bilen söweşmäge gideýinmi? Olary elime berermiň?» diýip sorady+. Ýehowa-da: «Hawa, git, olary hökman eliňe bererin» diýdi+. 20 Şonda Dawut Bagal-perazime baryp, piliştlileri derbi-dagyn etdi. Ol: «Suwuň bendi böwsüp geçişi ýaly, Ýehowa-da duşmanlarymy öňümde derbi-dagyn etdi»+ diýip, şol ýeriň adyna Bagal-perazim*+ goýdy. 21 Piliştliler butlaryny şol ýerde taşlap gidipdiler. Dawut bilen adamlary olary ýygnap, ýok etdiler.
-