-
2 Şamuwel 12:30, 31Mukaddes Kitap
-
-
30 Malkamyň* gymmatbaha gaşlar bilen bezelen täjini hem aldy; ondaky altynyň agramy bir batmandy*. Täji Dawudyň başyna geýdirdiler. Ol şäherden+ birgiden olja aldy+. 31 Ilatyna bolsa şäheriň daşynda daş ýondurdy, ýiti demir gurallar we paltalar bilen işletdi, kerpiç guýdurdy. Ol ammonlaryň beýleki şäherlerinde hem şeýle etdi. Soňra Dawut esgerleri bilen Iýerusalime dolandy.
-