-
2 Şamuwel 23:20—23Mukaddes Kitap
-
-
20 Ýehoýadanyň ogly Binaýa+ batyr adamdy. Ol Kabzeýelde+ köp edermenlik görkezdi we mowaplardan Arygeliň iki ogluny öldürdi. Gar ýagan güni suwly çukura girip, ýolbarsy öldürdi+. 21 Ol äpet müsürlini hem öldürdi. Müsürliniň elinde naýzasy bardy, Binaýa bolsa taýakly çykdy. Ol müsürliniň naýzasyny elinden gaňryp alyp, ony şol naýza bilen öldürdi. 22 Ýehoýadanyň ogly Binaýa şeýle edermenlikleri görkezipdi, abraýy başdaky üç batyr ýigidiňkiden kem däldi. 23 Ol otuz ýigitden saýlanyp dursa-da, beýleki üç batyr ýigidiň derejesine ýetip bilmändi. Emma Dawut şonda-da Binaýany garawullaryň baştutany edip belledi.
-