33 Haýsy halkyň taňrysy öz ýurduny Assiriýa patyşasynyň elinden halas edip bildi? 34 Hamatyň+, Arpatyň taňrylary nirede? Separwaýymyň+, Henanyň, Ywahyň taňrylary nirede? Olar Samariýany elimden halas edip bildimi?+
17 Ýehowa, Assiriýa patyşalary birgiden halklary gyryp, ýurduny weýran etdi+. 18 Olaryň taňrylaryny-da otda ýakdylar, aslynda, olar hudaý hem däldi+, ynsan eliniň işidi, agaçdan we daşdan ýasalan butlardy+. Şonuň üçin olar ýok edildi.