20Şol wagtlar Hizkiýa agyr keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy+. Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýanyň ýanyna gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Maşgalaňa wesýet et, sen sagalmarsyň, ölersiň“»+ diýdi. 2 Şonda Hizkiýa ýüzüni diwara öwrüp, Ýehowa doga etdi.
38Şol günler Hizkiýa agyr keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy+. Amozyň ogly Işaýa pygamber+ onuň ýanyna gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Maşgalaňa wesýet et, sebäbi sen gutulmarsyň, dünýäden ötersiň“»+ diýdi. 2 Şonda Hizkiýa ýüzüni diwara öwrüp, Ýehowa doga etdi.