-
Hydyr 9:3, 4Mukaddes Kitap
-
-
3 Muny eşidip, ýakamy ýyrtdym, saç-sakgalymy ýoldum, dilim tutulan ýaly bolup oturdym. 4 Şonda Ysraýyl Hudaýynyň sözlerinden gorkýan adamlar ýanyma ýygnandy, olar hem ýesirlikden gelenleriň biwepalygyna gynanýardylar. Men agşamky galla sadakasynyň berilýän wagtyna çenli özüme gelip bilmän oturdym+.
-
-
Danyýar 9:3—5Mukaddes Kitap
-
-
3 Men hak Hudaý Ýehowa ýalbaryp kömek soradym, agyz bekledim+, jul* geýdim we kül üstünde oturyp, doga edip başladym. 4 Ýehowa Hudaýyma halkymyň günäleri üçin şeýle doga etdim:
«Hak Hudaýym Ýehowa, sen ähtiňe wepalysyň, hudaýhonlary*, tabşyryklaryňy berjaý edýänleri+ söýýärsiň*+, beýik hem haýbatly Hudaýsyň! 5 Biz günä gazandyk, zorluk-sütem etdik, erbet işlere baş goşduk, gozgalaň turuzdyk+, tabşyryklaryňy we kararlaryňy bozduk.
-