11 Isa olara: «Hudaý gökdäki Patyşalygynyň mukaddes syryny size düşündirýär+. Başgalar üçin bolsa aýdan zatlarym ýöne bir mysal bolup galýar+. 12 Olar seretse-de, görmeýärler, eşitse-de, düşünmeýärler. Olar hiç haçan yzyna dolanmaz, Hudaý hem olary bagyşlamaz»+ diýdi.