-
Hydyr 7:27Mukaddes Kitap
-
-
27 Ata-babalarymyzyň Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ýehowa Iýerusalimdäki ybadathanasyny has-da bezemek üçin patyşanyň ýüregini ýumşatdy+.
-
-
Nehemýa 2:7, 8Mukaddes Kitap
-
-
7 Soňra men: «Patyşahym, Ýewfrat derýasynyň+ günbataryndaky welaýatyň üstünden geçip gitjek bolýaryn. Ýahuda sag-aman barar ýaly, welaýat häkimlerine hat ýazyp beräý. 8 Şa tokaýyna gözegçilik edýän Asafa-da hat ýazyp beräý. Goý, ol maňa ybadathananyň Gala derwezelerini+, şäheriň diwarlaryny+ gurmak we jaý salmak üçin agaç bersin» diýdim. Patyşa-da hatlary ýazyp berdi+, sebäbi Hudaý meni goldaýardy+.
-
-
Işaýa 49:23Mukaddes Kitap
-
-
23 Patyşalar saňa gulluk eder+,
Şa aýallar çagalaryň enekesi bolar.
-