-
2 Patyşalar 19:14—19Mukaddes Kitap
-
-
14 Hizkiýa habarçylaryň elinden hatlary alyp okady. Ol Ýehowanyň öýüne baryp, hatlary Ýehowanyň öňünde açyp goýdy+. 15 Hizkiýa Ýehowa şeýle doga etdi+: «Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, keruplaryň üstünde*+ tagtda oturan Hudaý! Sen bütin ýer ýüzündäki patyşalyklaryň ýeke-täk hak Hudaýysyň+. Ýeri-gögi ýaradan sensiň! 16 Ýehowa, ýalbarýaryn, dogamy diňle!+ Ýehowa, nazar sal!+ Eý Biribar, Sanheribiň seni ýaňsylap aýdan sözlerini eşit! 17 Ýehowa, Assiriýa patyşalary birgiden halklary gyryp, ýurduny weýran etdi+. 18 Olaryň taňrylaryny-da otda ýakdylar, aslynda, olar hudaý hem däldi+, ynsan eliniň işidi, agaçdan we daşdan ýasalan butlardy+. Şonuň üçin olar ýok edildi. 19 Ýehowa Hudaýymyz, bizi Assiriýa patyşasynyň elinden halas et! Ýehowa, goý, ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary seniň ýeke-täk Alladygyňy bilsinler»+ diýdi.
-