32Musanyň dagda eglenendigi+ üçin, adamlar Harunyň daşyna üýşüp: «Hany bol, bize ýol görkezer ýaly hudaý ýasa+. Bizi Müsürden çykaran Musa diýen adama-ha näme bolanyny bilemizok» diýdiler.
4 Harun altynlary aldy-da, ýonguç bilen şekil berip, göläniň butuny* ýasady+. Şonda adamlar: «Eý ysraýyllar! Ine sizi Müsürden çykaran Hudaýyňyz!»+ diýip gygyryşdylar.
28 Ol adamlary bilen maslahatlaşyp, iki altyn göle ýasady-da+, halka: «Iýerusalime gidip kösenmäň. Eý Ysraýyl, ine sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz»+ diýdi. 29 Ýerobgam olaryň birini Beýtelde+, beýlekisini Danda+ goýdy.