24 Ýakup ýeke galanda, bir adam peýda bolup, daňa çenli onuň bilen göreşdi+. 25 Ol adam Ýakubyň ýan bermeýändigini görüp, onuň but süňküne elini degirdi. Şonda Ýakubyň but süňki çykdy+. 26 Ol Ýakuba: «Daň atyp barýar, meni goýber!» diýdi. Ýakup bolsa: «Ak pata bermeseň, goýbermerin!»+ diýdi.