18 Ysraýyl patyşasy Elahyň ogly Hoseýanyň+ hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ahazyň+ ogly Hizkiýa+ patyşa boldy. 2 Hizkiýa 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Aby Zekerýanyň gyzydy+. 3 Hizkiýa atasy Dawut+ ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+.