-
Hyzkyl 35:10, 11Mukaddes Kitap
-
-
10 Siz Ýehowanyň halkynyň arasyndadygyny bilseňiz-de: „Iki halk-da, iki ýurt-da biziňki. Olaryň ikisi-de mülkümiz bolar“+ diýdiňiz. 11 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Siz halkymy ýigrenip, göriplik etdiňiz; oňa gahar-gazap bilen sütem etdiňiz+. Oňa edenleriňizi öz başyňyzdan indererin. Size höküm çykaryp, halkyma özümi tanadaryn.
-
-
Sepanýa 2:8, 9Mukaddes Kitap
-
-
8 «Mowabyň+ gyjalatyny,
Ammonlaryň+ kemsitmelerini eşitdim.
Olar halkymyň üstünden gülýärler,
Tekepbirlik edip, ýurduny basyp aljak bolýarlar»+.
9 Serkerdebaşy, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär:
«Men diri şaýatdyryn!
Mowap Sodom ýaly+,
Ammonlar Gomorra ýaly bolar+.
Olar tikeneklerden dolar,
Şorluga öwrüler, hemişelik boşap galar+.
Halkymyň aman galanlary olary talarlar,
Halkymyň aman galanlary olara eýe çykarlar.
-