Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 23:12
    Mukaddes Kitap
    • 12 Ol şeýle diýdi: «Ezilen gyz, Sidonyň boý gyzy,

      Indi ýüzüň gülmez+.

      Tur, Kittime+ gaç,

      Ýöne ol ýerde-de kalbyň rahatlyk tapmaz».

  • Ýermeýa 47:4
    Mukaddes Kitap
    •  4 Şol gün ähli piliştliler ýok ediler+,

      Tir+ bilen Sidona+ kömek berenleriň ählisi gyrlar,

      Sebäbi Ýehowa piliştlileri,

      Kaptor*+ adasynda aman galanlary derbi⁠-⁠dagyn eder.

  • Hyzkyl 25:15—17
    Mukaddes Kitap
    • 15 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Piliştliler ysraýyllaryň ganym duşmany boldular. Olar zalymlyk bilen halkymdan ar almak we soňuna çykmak üçin pursat gözlediler+. 16 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men güýçli golum bilen piliştlilere jeza bererin+, keretleri gyryp taşlaryn+. Deňiz kenarynda ýaşaýan galanja halky-da ýok ederin+. 17 Men olara gahar-gazap bilen jeza berip, öç alaryn. Olardan ar alanymda, meniň Ýehowadygymy bilerler“».

  • Amos 1:9, 10
    Mukaddes Kitap
    •  9 Ýehowa şeýle diýýär:

      „Tir+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,

      Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.

      Sebäbi ol ähli halky ýesir alyp, Edomyň eline berdi.

      Olar doganlyk ähtini unutdylar+.

      10 Men Tiriň diwarlaryna ot ýagdyraryn.

      Ot onuň berk diňlerini kül⁠-⁠peýekun eder“+.

  • Zekerýa 9:1, 2
    Mukaddes Kitap
    • 9 Habar.

      «Ýehowanyň Hadrak ýurduna garşy aýdan sözi.

      Ol Damasgy nyşana aldy+.

      Ýehowanyň gözleri ynsanlarda+,

      Ähli ysraýyl taýpalarynda.

       2 Serhetdeşi Hamata+ garşy aýdan sözleri.

      Akyllydyryn öýdýän+ Tire+ we Sidona+ garşy aýdan sözleri.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş