-
2 Patyşalar 23:15, 16Mukaddes Kitap
-
-
15 Ol Beýteldäki gurbanlyk ojagyny, Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň guran seždegähini ýumurdy+. Soňra ol seždegähi otlap, kül etdi, keramatly pürsi* hem ýakdy+.
16 Ýoşyýa daş-töweregine göz aýlap, dagda duran mazarlygy gördi. Ol merhumlaryň süňklerini çykardyp, gurbanlyk ojagynda ýakdy-da, ulanylmaz ýaly etdi*. Şeýdip, Ýehowanyň pygamberi arkaly aýdan sözi berjaý boldy+.
-
-
2 Taryh 31:1Mukaddes Kitap
-
-
31 Baýramçylyk gutaran badyna, ähli ysraýyllar Ýahudanyň şäherlerine gidip, tutuş Ýahudadaky, Benýamin, Efraýym we Manaşa+ topragyndaky keramatly sütünleri çym-pytrak etdiler+, keramatly pürsleri* çapdylar+, seždegähleri*+ we gurbanlyk ojaklary* ýumurdylar+. Olaryň ählisini ýok edip, her kim öz şäherine, mülküne dolandy.
-
-
Hoşeýa 10:2Mukaddes Kitap
-
-
2 Olar ikiýüzlüdir,
Indi olaryň aýyby açylar.
Gurbanlyk ojaklary, keramatly sütünleri ýykylar.
-
-
Mikaý 1:6Mukaddes Kitap
-
-
6 Men Samariýany harabaçylyga öwrerin,
Üzüm ekilýän ýer kimin tekizlärin.
Daşlaryny togalap, jülgä taşlaryn,
Galany düýp-teýkary bilen ýalaňaçlaryn.
-