-
Ýermeýa 39:5—7Mukaddes Kitap
-
-
5 Emma haldeý goşuny olaryň yzyndan kowup, Sadykýary Ýerihon düzlüginde ele saldy+. Olar Sadykýary tutup, Hamat+ ýurdunyň Ribla+ şäherine, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň huzuryna getirdiler. Ol hem Sadykýaryň üstünden höküm çykardy. 6 Wawilon patyşasy Riblada Sadykýaryň gözüniň alnynda ogullaryny öldürdi we Ýahudanyň ähli beglerini hem öldürdi+. 7 Soňra ol Sadykýaryň gözlerini oýdy we mis gandallar bilen baglap, Wawilona getirdi+.
-
-
Danyýar 5:18, 19Mukaddes Kitap
-
-
18 Eý patyşa, Allatagala* kakaň Nawuhodonosora patyşalyk, ygtyýar, at-abraý we şan-şöhrat berdi+. 19 Hudaý oňa ygtyýar beripdi. Şol sebäpli ähli halklar, milletler we diller öňünde sandyraýardylar+. Ol islän adamyny diri goýup, islänini öldürýärdi. Halan kişisini beýgeldip, halamadygyny peseldýärdi+.
-