-
Luka 8:28—30Mukaddes Kitap
-
-
28 Ol Isanyň öňünde dyza çöküp, batly ses bilen: «Eý Allatagalanyň Ogly, Isa! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýaryn, meni gynama»+ diýdi. 29 Isa jyna onuň içinden çykmagy buýurdy. Jyn gaýta-gaýta* adamyň tutgaýyny tutdurýardy+. Şonda ony gandallap, zynjyr bilen daňýardylar we garawullap oturýardylar. Emma ol gandallary döwüp, zynjyrlary üzüp, jynyň güýji bilen çola ýere gaçyp giderdi. 30 Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Goşun*» diýip jogap berdi, sebäbi onuň içine köp jyn giripdi.
-