-
Matta 13:54—58Mukaddes Kitap
-
-
54 Soňra Isa ýaşaýan şäherine baryp+, adamlara sinagogada öwredip başlady. Adamlar haýran galyp: «Oňa beýle akyldarlygy we gudratlary görkezmäge güýji kim berdikä?+ 55 Ol agaç ussasynyň ogly dälmi?+ Ejesi Merýem, doganlary Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dälmi?+ 56 Gyz jigileri hem biziň şäherimizde ýaşamaýarmy? Beýle ygtyýary oňa kim berdikä?»+ diýişdiler. 57 Şeýlelikde, ildeşleri oňa iman etmediler*+. Şonuň üçin Isa: «Dogduk mekanynda we öýünde pygamberiň gadyry bilinmez»+ diýdi. 58 Ildeşleriniň ynanmaýandygy üçin, Isa köp gudrat görkezmedi.
-