-
Matta 20:29—34Mukaddes Kitap
-
-
29 Isa şägirtleri bilen Ýerihondan çykyp barýarka, uly märeke yzyna düşdi. 30 Ýoluň ugrunda oturan iki kör adam Isanyň geçip barýandygyny eşidip: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!»+ diýip gygyrdy. 31 Märeke olara käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdy, ýöne olar: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, öňküdenem beter gygyrdylar. 32 Isa aýak çekip, olary çagyrdy-da: «Size näme kömek edeýin?» diýip sorady. 33 Olar: «Agam, gözlerimizi açaý!» diýdiler. 34 Isanyň haýpy gelip, olaryň gözlerine elini degrende+, şol bada gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşdüler.
-
-
Luka 18:35—43Mukaddes Kitap
-
-
35 Isa Ýerihona golaýlanda, ýoluň ugrunda dilegçilik edýän kör adam oturan eken+. 36 Kör adam geçip barýanlaryň sesini eşidip, näme bolýandygyny sorady. 37 Adamlar: «Nazaretli Isa geçip barýar» diýdiler. 38 Şonda ol: «Eý Dawut Ogly Isa, maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 39 Onuň ýanynda duranlar käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdylar. Emma ol öňküden beter gygyryp: «Dawut Ogly, maňa rehim et!» diýdi. 40 Isa aýak çekip, kör adamy ýanyna getirmegi buýurdy. Ýanyna getirenlerinde, Isa ondan: 41 «Saňa näme kömek edeýin?» diýip sorady. Ol: «Agam, gözlerimi açaý!» diýdi. 42 Isa: «Gözleriň açylsyn, seni imanyň sagaltdy»+ diýdi. 43 Onuň şol bada gözleri açyldy we Alla alkyş aýdyp, Isanyň yzyna düşüp gitdi+. Muny gören adamlar bolsa Hudaýy şöhratlandyrdylar+.
-