Matta 3:1 Mukaddes Kitap 3 Şol wagtlar suwa çümdürýän* Ýahýa+ Ýahudanyň çölünde wagyz edip başlady+. Matta 3:5 Mukaddes Kitap 5 Ýahýanyň ýanyna Iýerusalimden, tutuş Ýahudadan we Iordanyň daş-töwereginden adamlar gelýärdi+. Matta 14:3 Mukaddes Kitap 3 Hirodes* aýaly Hirodiýa sebäpli Ýahýany tussag edipdi we zynjyra baglap, türmä basypdy. Hirodiýa öň Hirodesiň dogany Filipusyň aýalydy+. Matta 14:5 Mukaddes Kitap 5 Hirodes ony öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan çekinýärdi, sebäbi Ýahýany pygamber hasaplaýardylar+. Markus 6:20 Mukaddes Kitap 20 Hirodes bolsa Ýahýadan gorkýardy, sebäbi onuň dogruçyl hem hudaýhon adamdygyny+ bilýärdi. Şonuň üçin Ýahýany gorap gezerdi. Ol Ýahýanyň gürrüňlerini diňlese-de, näme etjegini bilmeýärdi, ýöne şonda-da höwes bilen diňlärdi.
3 Hirodes* aýaly Hirodiýa sebäpli Ýahýany tussag edipdi we zynjyra baglap, türmä basypdy. Hirodiýa öň Hirodesiň dogany Filipusyň aýalydy+.
20 Hirodes bolsa Ýahýadan gorkýardy, sebäbi onuň dogruçyl hem hudaýhon adamdygyny+ bilýärdi. Şonuň üçin Ýahýany gorap gezerdi. Ol Ýahýanyň gürrüňlerini diňlese-de, näme etjegini bilmeýärdi, ýöne şonda-da höwes bilen diňlärdi.