Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 22:15—22
    Mukaddes Kitap
    • 15 Fariseýler gidip, Isany sözünde tutmak üçin dilleşdiler+. 16 Olar öz şägirtlerini Hirodesiň tarapdarlary+ bilen Isanyň ýanyna iberdiler. Olar gelip: «Mugallym, sen dogruçyl we Hudaý barada hakykaty öwredýärsiň. Sen adamlara ýaranjaňlyk etmeýärsiň, wezipesine seretmeýärsiň. 17 Aýtsana, seniň pikiriňçe, patyşa* salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok?» diýip soradylar. 18 Isa olaryň niýetini bilip: «Eý ikiýüzlüler, meni näme üçin synaýarsyňyz? 19 Hany, maňa bir teňňe* görkeziň» diýdi. Olar bir teňňe getirip berdiler. 20 Isa olardan: «Teňňede kimiň suraty, kimiň ady bar?» diýip sorady. 21 Olar: «Patyşanyň*» diýip jogap berdiler. Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň»+ diýdi. 22 Olar muny eşidip, haýran galdylar we Isanyň ýanyndan gitdiler.

  • Luka 20:20—26
    Mukaddes Kitap
    • 20 Olar Isany sözünde tutmak üçin birnäçe adama hak tölediler+. Olar dogruçyl bolan bolup, Isa häkimiýete garşy bir zat diýdirip, hökümdara tabşyrjak boldular. 21 Olar Isa: «Mugallym, sen ýüz görmän, dogry zatlary aýdýarsyň. Hudaý barada hakykaty öwredýärsiň. 22 Aýtsana, patyşa* salgyt tölemek dogrumy ýa⁠-⁠da ýok?» diýdiler. 23 Isa olaryň mekirlik edýändigini bilip: 24 «Hany, maňa bir teňňe* görkeziň. Teňňede kimiň suraty, kimiň ady bar?» diýdi. Olar: «Patyşanyň*» diýip jogap berdiler. 25 Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa+, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň»+ diýdi. 26 Olar Isany sözünde tutup bilmediler, gaýtam beren jogabyna haýran galyp dymdylar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş