Eýýup
29 Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Wah, öňki günlerim gaýdyp gelsedi,
Hudaý meni penasynda saklasady.
3 Çyrasy başyma ýagty saçardy,
Garaňkylykda ýoluma nur saçardy+.
4 Men gujur-gaýratlydym,
Hudaý bilen ýakyn dostdum+.
5 Gudratygüýçli ýanymdady,
Çagalarym* daşymdady.
6 Aýagymy süýt bilen ýuwardym,
Gaýalardan zeýtun ýagy akardy+.
9 Han-begler gürrüňini bes ederdi,
Elleri bilen agzyny ýapardy.
10 Atly-abraýlylardan ses-üýn çykmazdy,
Dilini ýuwudyp, ümsüm bolardy.
11 Sözümi eşiden meni öwerdi,
Gören gözler meni taryplardy.
14 Dogruçyllyk eşigim,
Adalat donum hem selläm boldy.
15 Körlere gözdüm,
Agsaklara aýakdym.
17 Erbetleriň äňini ýazdyryp+,
Awuny agzyndan kakyp alardym.
19 Köklerim suwlara tarap ýaýrar,
Gijelerine ýapraklaryma çyg düşer.
20 At-abraýym artar durar,
Ýaýym bilen atar duraryn“.
21 Halaýyk maslahatyma gulak gerip,
Ses-üýnsüz diňlärdi+.
22 Sözümi soňlanymda, diýmäge söz tapmazdy,
Aýdýanlarym gulaklaryna hoş ýakardy.
23 Ýagyş-ýagmyra garaşýan ýaly, maňa garaşardylar,
Sözlerim ýaz ýagşy deý gandyrardy+.