Zekerýa
10 «Ýehowadan ýaz ýagşyny diläň.
Olar biderek düýşleri aýdýar,
Boş ýere teselli berýär.
Şonuň üçin halk goýunlar ýaly azaşar,
Çopany bolmansoň, köp azap çeker.
3 Çopanlara gaharym gelýär,
Zalym baştutanlardan* hasabat soraryn.
Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa sürüsine+,
Ýahuda öýüne nazar saldy,
Olary söweş meýdanyndaky ýyndam at kimin etdi.
4 Ýahudadan serdar*,
Halkyň arkasyny tutjak hökümdar* dörär.
Ondan ýaýçy we baştutan çykar.
Olaryň hemmesi ondan dörär.
5 Olar edermen esgerler ýaly bolar,
Söweşde köçäniň batgalygyny depelär.
6 Men Ýahuda öýüni hemmelerden güýçli ederin,
Ýusubyň öýüni halas ederin+.
Olary öz topragyna gaýtaryp getirerin,
Rehim ederin+,
Olar hiç haçan terk edilmedik ýaly bolar+.
Sebäbi men Ýehowa, olaryň Hudaýydyryn,
Dilegine jogap bererin.
7 Efraýymlar edermen esger bolar,
Olar şerap içen adam kimin begener+.
Olaryň ogullary muny görüp şatlanarlar,
Ýehowanyň eden işine ýürekden begenerler+.
8 „Sykylyk çalyp, olary bir ýere jemlärin,
Men olar üçin töleg tölärin+, olar köpelerler,
Olaryň sany gitdigiçe artar.
9 Men olary tohum sepen ýaly
Halklaryň arasyna dargadaryn,
Olar meni uzak ýurtlarda ýatlarlar.
Olaryň ogullary täzeden güýç alyp, yzyna dolanarlar.
10 Men olary Müsürden çykararyn,
Assiriýadan alyp gaýdaryn+,
Gilead+ we Liwan topragyna getirerin,
Olara ýurt azlyk eder+.
Tekepbir Assiriýany peselderin,
Müsüriň şalyk hasasyny elinden alaryn+.