Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Zekerýa 1:1—14:21
  • Zekerýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Zekerýa
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Zekerýa

ZEKERÝA PYGAMBERIŇ KITABY

1 Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynyň+ sekizinji aýynda Ýehowa Ydonyň agtygy, Bereketýaryň ogly Zekerýa* pygambere+ şeýle diýdi: 2 «Ýehowanyň ata⁠-⁠babalaryňyza örän gahary gelipdi+.

3 Halka Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Maňa dolanyň — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Menem size dolanaryn“+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

4 Ata⁠-⁠babalaryňyza meňzemäň. Geçmişde pygamberler olara: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ýalbarýaryn, erbet ýollaryňyzy, zalym işleriňizi taşlaň“+ diýipdi.

„Emma olar gulak asmadylar, maňa ünsem bermediler“+. Muny Ýehowa aýdýar.

5 „Hany, ata⁠-⁠babalaryňyz nirede? Pygamberleriň ebedi ýaşany barmy? 6 Eýsem, pygamber gullarymyň aýdan sözleri, meniň permanlarym ata⁠-⁠babalaryňyzyň günlerinde berjaý bolmadymy näme?“+ Olar toba edip: „Serkerdebaşy Ýehowa ýörän ýollarymyza we eden etmişlerimize görä näme etjek diýen bolsa, şony hem etdi“ diýip, maňa dolandylar»+.

7 Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynda+, 11⁠-⁠nji aýda, ýagny şebat* aýynyň 24⁠-⁠ne Ydonyň agtygy, Bereketýaryň ogly Zekerýa pygambere Ýehowa şeýle görnüş* berdi: 8 «Gijäniň ýarydy. Jülgede reýhan* agaçlarynyň arasynda gyzyl atly biri durdy, yzynda gyzyl, dor* we ak atlylar hem bardy.

9 Şonda men: „Agam, olar kim?“ diýip soradym.

Meniň bilen gepleşip duran perişde: „Olaryň kimdigini saňa görkezeýin“ diýdi.

10 Reýhan agaçlarynyň arasynda duran atly şeýle diýdi: „Ýehowa olara ýer ýüzüne aýlanyp çykmagy tabşyrdy“. 11 Atlylar reýhan agaçlarynyň arasynda duran Ýehowanyň perişdesine şeýle diýdiler: „Biz ýer ýüzüne aýlandyk. Bütin ýer ýüzi asuda hem parahat eken“+.

12 Ýehowanyň perişdesi şeýle diýdi: „Eý Serkerdebaşy Ýehowa, 70 ýyllap+ Iýerusalime we Ýahuda şäherlerine gaharlandyň+. Sen indi olara haçan rehim edersiň?“

13 Ýehowa meniň bilen gepleşen perişdä mähirli sözleri aýdyp, göwünlik berdi. 14 Soňra meniň bilen gepleşip duran perişde maňa şeýle diýdi: „Yglan et, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Iýerusalime we Siona bolan söýgim lowlap ýanýar. Men olary gabanjaňlyk bilen goraryn+. 15 Tekepbir halklara örän gaharym gelýär+, sebäbi halkyma az⁠-⁠kem temmi bermekçidim+. Olar bolsa halkyma köp azar berdiler“+.

16 Şol sebäpli Ýehowa şeýle diýýär: „Men Iýerusalime dolanaryn, oňa rehim ederin+. Şäherde meniň öýümi gurarlar+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Bütin Iýerusalimi ölçeg ýüpi bilen ölçärler“+.

17 Bar⁠-⁠da, ýene yglan et: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şäherlerime ýene⁠-⁠de bereket ýagar. Ýehowa ýene⁠-⁠de Siona göwünlik berer+, Iýerusalimi saýlar“»+.

18 Soňra men ýokarda dört şah+ gördüm. 19 Meniň bilen gepleşip duran perişdeden: «Olar näme?» diýip soradym. Ol hem: «Olar Ýahudany+, Ysraýyly+ we Iýerusalimi+ derbi⁠-⁠dagyn eden şahlardyr» diýdi.

20 Ýehowa maňa dört ussany görkezdi. 21 Men: «Olar näme etmekçi bolýar?» diýip soradym.

Ol hem şeýle diýdi: «Şahlar Ýahuda şeýle bir azar berdiler welin, hiç kim başyny galdyryp bilmedi. Ussalar olary howsala düşürer, Ýahuda ýurduny süsüp dargadan milletleriň şahlaryny döwer».

2 Men başymy galdyryp seredenimde, eli ölçeg ýüpli+ biri durdy. 2 Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym.

Ol: «Iýerusalimi ölçäp, onuň inini we uzynlygyny bilmäge barýaryn»+ diýip jogap berdi.

3 Meniň bilen gepleşip duran perişde gitdi. Ýolda oňa başga perişde duşup, 4 şeýle diýdi: «Ýaş ýigidiň ýanyna tiz bar⁠-⁠da, şeýle diý: „Adamlaryň we mal⁠-⁠garanyň köplüginden+ ýaňa Iýerusalim diwarsyz oba meňzär+. 5 Men onuň daşyny otly diwar kimin gurşaryn+. Ol şan⁠-⁠şöhratymdan dolar“+. Muny Ýehowa aýdýar».

6 «Eglenmäň, tiz boluň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň»+. Muny Ýehowa aýdýar.

«Men sizi dünýäniň çar tarapyna* dargatdym»+. Muny Ýehowa aýdýar.

7 «Sion, eglenme! Wawilon şäherinde ýaşaýan, janyňy gutar!+ 8 Şöhraty arşa galan Serkerdebaşy Ýehowa sizi talan halklaryň+ ýanyna meni iberip, şeýle diýýär: „Halkyma degen gözümiň görejine degýändir+. 9 Indi men olara el götererin, olary öz gullary talar“+. Şonda meni Serkerdebaşy Ýehowanyň iberendigine göz ýetirersiňiz.

10 Sion gyzy, joşup aýdym aýt+, sebäbi men gelip+, araňyzda bolaryn+ — muny Ýehowa aýdýar. 11 — Şol gün halklaryň köpüsi Ýehowanyň tarapyna geçerler+, olar meniň halkym bolar; menem araňyzda bolaryn». Şonda meni Serkerdebaşy Ýehowanyň iberendigini bilersiňiz. 12 Ýehowa mukaddes toprakda Ýahudany paýy edip alar, ýene⁠-⁠de Iýerusalimi saýlar+. 13 Eý ynsanlar, Ýehowanyň öňünde ümsüm boluň, sebäbi ol niýetini amala aşyrmak üçin mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.

3 Ol maňa Ýehowanyň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýuşany+ görkezdi. Ýuşanyň sagynda Şeýtan+ durdy, ol Ýuşa garşy çykmaga taýyn bolup durdy. 2 Soňra Ýehowanyň perişdesi Şeýtana şeýle diýdi: «Şeýtan, goý, Ýehowa saňa käýesin!+ Iýerusalimi saýlan+ Ýehowa saňa käýesin! Eýsem, Ýuşa otdan çykarylan odun dälmi?»

3 Ine, hapa eşikli Ýuşa perişdäniň öňünde durdy. 4 Perişde ýanyndakylara: «Hapa eşigini çykaryň» diýdi. Soňra ol Ýuşa: «Ine, seni günäden arassaladym. Saňa gowy eşik+ geýdirdim» diýdi.

5 Soňra men: «Başyna arassa selle oraň»+ diýdim. Şonda onuň başyna arassa selle oradylar, egnine gowy eşik geýdirdiler. Ýehowanyň perişdesi hem onuň ýanynda durdy. 6 Ýehowanyň perişdesi Ýuşa şeýle diýdi: 7 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Eger meniň ýollarymdan ýöreseň, tabşyran borçlarymy berjaý etseň, öýümde kazylyk edersiň+, howlularyma gözegçilik edersiň. Şu ýerde duranlaryň ählisine rugsat berişim ýaly, saňa⁠-⁠da huzuryma gelmäge rugsat bererin“.

8 „Baş ruhany Ýuşa we öňünde oturan ruhanylar, diňlemegiňizi haýyş edýärin! Siz alamat bolarsyňyz. Men gulum+ Şahany+ ibererin. 9 Ýuşanyň öňünde goýan daşyma serediň! Daşda ýedi göz bar. Men daşy oýup hat ýazaryn. Halkyň günäsini bir günde bagyşlaryn+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

10 Şol gün her biriňiz goňşyňyzy üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturmaga çagyrarsyňyz“+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».

4 Men uka giden ýalydym. Meniň bilen gepleşen perişde geldi⁠-⁠de, meni oýardy. 2 Ol menden: «Näme görýärsiň?» diýip sorady.

Men şeýle diýdim: «Altyndan ýasalan şemdany+ görýärin. Onuň ýokarsynda jam bar. Şemdanyň ýedi çyrasy+ bar. Hawa, ýedi çyrasy bar. Şol ýedi çyranyň her biriniň turbajygy bar. 3 Şemdanyň ýanynda iki zeýtun agajy+ bar. Biri jamyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapynda».

4 Soňra meniň bilen gepleşip duran perişdeden: «Agam, olaryň manysy näme?» diýip soradym. 5 Meniň bilen gepleşip duran perişde: «Olaryň manysyny bileňokmy?» diýip sorady.

Men hem: «Ýok, agam!» diýip jogap berdim.

6 Ol maňa şeýle diýdi: «Ine, Ýehowanyň Zerubabele aýdýan habary: „Aýdan zatlarym goşun ýa⁠-⁠da ynsan güýji bilen däl⁠-⁠de+, meniň ruhum bilen amala aşar+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 7 — Eý beýik dag, sen kimmişiň? Sen Zerubabeliň+ öňünde tep⁠-⁠tekiz bolarsyň+. Ol ybadathananyň soňky daşyny goýanda, adamlar: „Nähili owadan! Nähili ajaýyp!“ diýip gygyryşarlar“».

8 Ýehowa maňa ýene⁠-⁠de şeýle diýdi: 9 «Zerubabel öz eli bilen ybadathananyň düýbüni tutdy+, öz eli bilen hem tamamlar»+. Şonda meni Serkerdebaşy Ýehowanyň iberendigini bilersiňiz. 10 «Hiç kim kiçi işler bilen başlanan güni+ ähmiýetsiz hasaplamasyn. Halk Zerubabeliň elindäki ölçeg daşyny* görüp begener. Ýedi çyra Ýehowanyň gözleridir. Olar bütin ýer ýüzüni synlaýandyr»+.

11 Men ondan: «Şemdanyň sag we çep tarapynda duran iki zeýtun agajy nämäni aňladýar?»+ diýip soradym. 12 Soňra bolsa men: «Iki zeýtun agajynyň şahalaryndaky* altyn ýag iki altyn jürnükden syrygyp jama akýar. Şol iki zeýtun agajynyň şahalary näme aňladýar?» diýip soradym.

13 Ol menden: «Olaryň manysyny bileňokmy?» diýip sorady.

Men bolsa: «Ýok, agam!» diýip jogap berdim.

14 Ol maňa: «Olar ýer ýüzüniň Hojaýynynyň gapdalynda duran iki saýlanany* aňladýar»+ diýip düşündirdi.

5 Men ýene⁠-⁠de başymy galdyryp seretsem, bir golýazma uçup barýardy. 2 Perişde menden: «Näme görýärsiň?» diýip sorady.

Men: «Uçup barýan golýazmany görýärin. Onuň uzynlygy 20 tirsek*, ini 10 tirsek» diýdim.

3 Ol şeýle diýdi: «Golýazma bütin ýer ýüzüne iberilen gargyşdyr. Ogrulara+ jeza berilmeýär, şonuň üçin golýazmanyň bir tarapyna olara gargyş ýazyldy. Ýalandan ant içenlere+ jeza berilmeýär, şonuň üçin beýleki tarapyna olara gargyş ýazyldy. 4 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Gargyşy men iberdim. Gargyş ogrynyň we meniň adymdan ýalandan ant içeniň öýüne siňer. Gargyş öýi, agaçlaryny we daşlaryny kül⁠-⁠owram eder“».

5 Meniň bilen gepleşen perişde ýanyma gelip: «Başyňy galdyryp, şol gelýän zada seredäý⁠-⁠dä» diýdi.

6 Men: «Ol näme?» diýip soradym.

«Bir uly* gap. Ol bütin ýer ýüzündäki erbet adamlary suratlandyrýar» diýip, perişde düşündirdi. 7 Seretsem, gabyň gurşun gapagy açyldy, içinde bir aýal otyrdy. 8 Perişde: «Ol Erbetlikdir» diýdi. Soňra ol aýaly gabyň içine itekledi⁠-⁠de, gurşun gapagy ýapdy.

9 Men ýene başymy galdyryp seretdim. Şonda iki aýalyň şemala ganatlaryny ýaýyp gelýändigini gördüm. Olaryň ganaty leglegiňkä meňzeýärdi. Aýallar gaby göge galdyrdylar. 10 Meniň bilen gepleşen perişdeden: «Olar gaby nirä alyp barýarlar?» diýip soradym.

11 Perişde şeýle diýdi: «Şyngar*+ ýurduna alyp barýarlar. Aýal üçin bir öý gurarlar. Öýi taýyn bolanda içine salyp goýarlar».

6 Men ýene başymy galdyryp seretsem, misden iki dag gördüm. Iki dagyň arasyndan dört araba gelýärdi. 2 Birinji araba gyzyl atlara, ikinji araba gara atlara+ tirkelendi. 3 Üçünji araba ak atlara, dördünji araba menekli we ala⁠-⁠mula atlara+ tirkelendi.

4 Meniň bilen gepleşip duran perişdeden: «Agam, olar näme?» diýip soradym.

5 Perişde şeýle jogap berdi: «Olar gögüň dört goşunydyr*+. Olar ýer ýüzüniň Hojaýynynyň huzuryna bardylar+. Indi bolsa ol ýerden çykyp gelýärler. 6 Gara atly araba demirgazyk ýurduna+, ak atly araba deňziň aňry tarapyna, menekli atly araba günorta ýurduna barýar. 7 Ala⁠-⁠mula atlar bolsa gidip bütin ýer ýüzüne aýlanjak bolup, dyzap durlar». Şonda ol: «Baryň, bütin ýer ýüzüne aýlanyň» diýdi. Olar tutuş ýer ýüzüne aýlanmaga gitdi.

8 Soňra ol meni çagyryp: «Ýehowa demirgazyk ýurduna gaharlandy. Indi seret, demirgazyga gidenler Hudaýyň gaharyny köşeşdirdiler» diýdi.

9 Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 10 «Heldaýdan, Tabyýardan we Ýedaýadan ýesirlikdäki halkyň iberen sadakalaryny al. Şol günüň özünde Wawilondan gelenler bilen Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň öýüne bar. 11 Altyndan we kümüşden täç ýasa. Täji Ýehosadygyň ogly baş ruhany Ýuşanyň+ başyna geýdir. 12 Soňra şuny aýt:

„Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Bu adamyň ady Şaha+. Ol öz ýerinden ösüp çykar we Ýehowanyň ybadathanasyny dikelder+. 13 Ýehowanyň ybadathanasyny gurjak şoldur, şan⁠-⁠şöhraty arşa galar. Ol tagtyna geçip oturar, hem hökümdar, hem ruhany bolar+. Ol iki wezipesini hem dogry ýerine ýetirer*. 14 Helemiň, Tabyýaryň, Ýedaýanyň+ we Sepanýanyň ogly Heniň hatyrasyna täç Ýehowanyň ybadathanasynda goýlar. 15 Uzak illerden adamlar gelip, Ýehowanyň ybadathanasynyň gurluşygyna gatnaşarlar“. Şonda meni Serkerdebaşy Ýehowanyň iberendigini bilersiňiz. Eger Ýehowa Hudaýyň sözüne gulak assaňyz, aýdylanlar hökman berjaý bolar“».

7 Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, dokuzynjy aýda, ýagny kislew* aýynyň dördüne Ýehowa Zekerýa+ bilen gepleşdi. 2 Beýteliň ilaty Ýehowadan rehimdarlyk dilemek üçin Şareseri, Regemmäligi we onuň adamlaryny iberdiler. 3 Olara Serkerdebaşy Ýehowanyň öýüniň ruhanylaryndan we pygamberlerden şuny soramagy tabşyrdylar: «Biz ýyllarboýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda+ hiç zat iýmän, dady⁠-⁠perýat etmelimi?»

4 Şonda maňa Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýdi: 5 «Halka we ruhanylara şeýle diý: „Siz 70 ýylyň+ dowamynda bäşinji we ýedinji aýlarda+ agyz bekläp, dady⁠-⁠perýat edeniňizde meniň üçin etdiňizmi? 6 Eýsem, siz iýip içeniňizde, özüňiz üçin iýip içmänmidiňiz? 7 Iýerusalimde we töweregindäki ilatly şäherlerde parahatlyk höküm sürýärkä, Negepde, Şepelada adam ýaşaýarka, Ýehowanyň irki pygamberleri arkaly aýdan sözlerine+ gulak asmaly däldiňizmi?“»

8 Ýehowa Zekerýa şeýle diýdi: 9 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Adalatly höküm çykaryň+, biri⁠-⁠biriňize ýagşylyk ediň*+, rehimdar boluň. 10 Dul aýalyň we ýetimiň+, gelmişegiň+ hem garybyň+ hakyny iýmäň; ýüregiňizde erbet niýet bolmasyn“+. 11 Emma olar asla üns bermediler+, kesirlik bilen ýüzüni öwürdiler+, diňlemejek bolup gulaklaryny ýapdylar+. 12 Ýüreklerini almaz daşy* ýaly gatatdylar+. Serkerdebaşy Ýehowanyň irki pygamberlerine ruhuny inderip, olar arkaly beren kanunlaryna we sözlerine gulak asmadylar+. Şonuň üçin Serkerdebaşy Ýehowanyň diýseň gahary geldi»+.

13 «Çagyranymda olar jogap bermedi+. Indi olar çagyrsa, menem jogap bermerin+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 14 — Men harasat iberip, olary tanamaýan halklarynyň arasyna dargatdym+. Olaryň ýurdy çöle döndi. Ol ýerden hiç kim geçmeýärdi+. Olar gözel ýurdy harabaçylyga öwürdiler».

8 Serkerdebaşy Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 2 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Siona bolan söýgim lowlap ýanar+. Gahar⁠-⁠gazap bilen ony goraryn“».

3 «Ýehowa şeýle diýýär: „Men Siona dolanaryn+ we Iýerusalimde mesgen tutaryn+. Iýerusalime „wepaly şäher“* diýler+. Serkerdebaşy Ýehowanyň dagyna „mukaddes dag“+ diýler“».

4 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Gojalar we garry aýallar ýene Iýerusalimiň köçelerinde oturarlar. Ýaşy bir çene ýetendigi üçin her biriniň elinde hasasy bolar+. 5 Köçeler oýnap ýören çagalardan dolar“»+.

6 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şol günlerde aman galan halkyň gözünde aýdanlarym bolmajak ýaly bolup görünse⁠-⁠de, olary ýerine ýetirmek maňa kyn däldir“. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».

7 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men halkymy gündogar we günbatar ýurtlaryndan halas ederin+. 8 Men olary Iýerusalime getirerin, ol ýerde ýaşarlar+. Olar meniň halkym bolar. Menem olaryň wepaly* hem adalatly Hudaýy bolaryn“»+.

9 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Pygamberleriň sözlerini eşidýän halaýyk, elleriňiz gowşamasyn!*+ Serkerdebaşy Ýehowanyň ybadathanasynyň düýbüniň tutulan güni hem şol sözleri eşidipdiňiz+. 10 Şu güne çenli ne adamyň, ne⁠-⁠de haýwanyň zähmeti üçin hak tölendi+. Duşmanlardan ýaňa gelýäne⁠-⁠de, gidýäne⁠-⁠de gün ýokdy. Sebäbi men adamlary biri⁠-⁠birine duşman edipdim.

11 Men indi aman galanlara gadymky günlerdäki ýaly daraşmaryn+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 12 — Parahatlyk tohumy sepiler, üzüm agaçlary miwesini, ýer hasylyny berer+, asmandan ýagmyr ýagar. Halkyň aman galanlary şeýle bereketleri alar+. 13 Ýahuda we Ysraýyl öýi, men sizi halas ederin. Siz ähli halklaryň arasynda näletlidiňiz+, indi bereketli bolarsyňyz+. Gorkmaň!+ Elleriňiz gowşamasyn!“*+

14 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Atalaryňyz gaharymy getirende, olaryň başyna betbagtçylyk indermegi ýüregime düwüpdim — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar, — pikirimi üýtgetmändim*+. 15 Edil şonuň ýaly, indi Iýerusalime we Ýahuda öýüne bereket bermegi ýüregime düwdüm+. Şonuň üçin gorkmaň!“+

16 „Siz tabşyryklarymy berjaý ediň: biri⁠-⁠biriňize hakykaty aýdyň+, şäher derwezesinde çykarýan hökümleriňiz hakykaty we parahatlygy dikeltsin+. 17 Goňşyňyza ýamanlyk etmegiň küýüne düşmäň+, ýalandan ant içmegiňizi bes ediň+; sebäbi men beýle zatlary ýigrenýärin“+. Muny Ýehowa aýdýar».

18 Serkerdebaşy Ýehowa meniň bilen ýene⁠-⁠de gepleşdi: 19 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Dördünji+, bäşinji+, ýedinji+ we onunjy+ aýlarda agyz bekleýän günleriňiz Ýahuda öýi üçin şatlyk⁠-⁠şowhunly günler bolar, dabaraly baýramçylyklar bolar+. Şonuň üçin hakykaty we parahatlygy söýüň!“

20 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şeýle günler geler, halklar we ençeme şäherleriň ilaty şäherime geler. 21 Bir şäheriň ilaty beýlekisiniň ýanyna baryp: „Ýörüň, tizräk gideliň, Ýehowadan rehim diläliň, Serkerdebaşy Ýehowany agtaralyň. Ine, biz⁠-⁠ä gidip barýarys“ diýer+. 22 Köp adamlar, güýçli halklar Serkerdebaşy Ýehowany gözlemäge Iýerusalime geler+, Ýehowadan rehim dilär“.

23 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şol günler ähli halklardan we dillerden+ on adam geler. Olar ýehudynyň donundan ýapyşyp, berk ýapyşyp, şeýle diýer: „Biz siziň bilen gitjek+, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik“»+.

9 Habar.

«Ýehowanyň Hadrak ýurduna garşy aýdan sözi.

Ol Damasgy nyşana aldy+.

Ýehowanyň gözleri ynsanlarda+,

Ähli ysraýyl taýpalarynda.

 2 Serhetdeşi Hamata+ garşy aýdan sözleri.

Akyllydyryn öýdýän+ Tire+ we Sidona+ garşy aýdan sözleri.

 3 Tir özüne berk diwar gurdy,

Kümşi gum kimin ýygnady,

Altyny ite dökün bolup ýatdy*+.

 4 Ýehowa onuň bar baýlygyny elinden alar,

Onuň goşunyny deňizde dargadar+;

Ol otda ýanyp kül bolar+.

 5 Aşkelon muny görüp gorkar;

Gaza güýçli agyrydan ejir çeker.

Ekron hem şeýle bolar, sebäbi umydy puja çykar.

Mundan beýläk Gazada patyşa bolmaz,

Aşkelon boşap galar+.

 6 Aşdotda nikasyz ogul ýaşar,

Tekepbir piliştlileri peselderin+.

 7 Men olaryň agzyndaky gany süpürerin,

Dişleriniň arasyndaky nejisligi aýraryn.

Piliştlileriň aman galanlary Hudaýymyzyňky bolar,

Olar Ýahudada tirebaşy kimin bolar+,

Ekronyň halky ýabuslar ýaly bolar+.

 8 Halkymyň daşynda düşelge guraryn+,

Duşman aýagyny basmaz,

Indi zalym duşman ol ýerden geçmez+,

Men muny* öz gözüm bilen görüp durun.

 9 Sion gyzy, şatlan!

Iýerusalim gyzy, begençden ýaňa gygyr!

Ine, patyşaň gelýär!+

Ol dogruçyldyr, gutulyş getirýändir,

Ol pesgöwünlidir+,

Eşege, taýhara münüp gelýändir+.

10 Efraýymda söweş arabalaryny,

Iýerusalimde atlary ýok ederin.

Ýaýlary döwüp taşlaryn,

Ol halklara parahatlygy yglan eder+.

Deňizden⁠-⁠deňze,

Derýadan* ýeriň ol ujuna çenli hökümdarlyk eder+.

11 Eý zenan, seniň bilen äht baglaşdyk,

Gan bilen tassykladyk.

Indi tussaglaryňy gurruk guýudan çykararyn+.

12 Eý umytly tussaglar, galaňyza dolanyň+.

Bu gün saňa aýdýaryn:

„Eý zenan, saňa iki esse paý bererin+.

13 Ýahudany ýaý kimin çekerin,

Efraýymy onuň oky ederin.

Eý Sion, ogullaryňy oýararyn,

Olar grek ogullaryna garşy çykar,

Seni batyr ýigidiň gylyjy kimin ederin“.

14 Ýehowanyň halkynyň ýanyndadygyny hemmeler biler,

Onuň oky ýyldyrym kimin atylar.

Älemiň Hökümdary Ýehowa surnaý çalar+,

Duşmanlaryna günorta harasady kimin topular.

15 Serkerdebaşy Ýehowa halkyny gorar.

Olar eli sapanly* duşmanlardan üstün çykar+.

Şerapdan doýan ýaly bökjekläp şatlanar.

Jamyň püre⁠-⁠pür bolşy deý, kalby şatlykdan dolar,

Şahy gana boýalan gurbanlyk ojagy*+ kimin bolar.

16 Şol gün olaryň Hudaýy Ýehowa halkyny,

Sürüsini halas eder+.

Olar täjiň gaşlary ýaly ýurda şöhle saçarlar+.

17 Berekedi egsilmez+,

Şan⁠-⁠şöhraty beýikdir!

Ýigitler bugdaýdan,

Gyzlar täze şerapdan güýç alar»+.

10 «Ýehowadan ýaz ýagşyny diläň.

Gara bulutlary döredýän,

Adamlar üçin ýagmyr ýagdyrýan+,

Sährada ot gögerdýän Ýehowadyr.

 2 Maşgala butlary* aldaýar*,

Palçylar ýalan görnüşleri* görýär.

Olar biderek düýşleri aýdýar,

Boş ýere teselli berýär.

Şonuň üçin halk goýunlar ýaly azaşar,

Çopany bolmansoň, köp azap çeker.

 3 Çopanlara gaharym gelýär,

Zalym baştutanlardan* hasabat soraryn.

Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa sürüsine+,

Ýahuda öýüne nazar saldy,

Olary söweş meýdanyndaky ýyndam at kimin etdi.

 4 Ýahudadan serdar*,

Halkyň arkasyny tutjak hökümdar* dörär.

Ondan ýaýçy we baştutan çykar.

Olaryň hemmesi ondan dörär.

 5 Olar edermen esgerler ýaly bolar,

Söweşde köçäniň batgalygyny depelär.

Olar söweşerler, sebäbi Ýehowa halkyny goldar+,

Duşmanlaryň atlylary masgara bolar+.

 6 Men Ýahuda öýüni hemmelerden güýçli ederin,

Ýusubyň öýüni halas ederin+.

Olary öz topragyna gaýtaryp getirerin,

Rehim ederin+,

Olar hiç haçan terk edilmedik ýaly bolar+.

Sebäbi men Ýehowa, olaryň Hudaýydyryn,

Dilegine jogap bererin.

 7 Efraýymlar edermen esger bolar,

Olar şerap içen adam kimin begener+.

Olaryň ogullary muny görüp şatlanarlar,

Ýehowanyň eden işine ýürekden begenerler+.

 8 „Sykylyk çalyp, olary bir ýere jemlärin,

Men olar üçin töleg tölärin+, olar köpelerler,

Olaryň sany gitdigiçe artar.

 9 Men olary tohum sepen ýaly

Halklaryň arasyna dargadaryn,

Olar meni uzak ýurtlarda ýatlarlar.

Olaryň ogullary täzeden güýç alyp, yzyna dolanarlar.

10 Men olary Müsürden çykararyn,

Assiriýadan alyp gaýdaryn+,

Gilead+ we Liwan topragyna getirerin,

Olara ýurt azlyk eder+.

11 Men deňzi böwsüp geçerin.

Deňiz tolkunlaryny lerzana getirerin+,

Nil derýasynyň düýbüni guradaryn.

Tekepbir Assiriýany peselderin,

Müsüriň şalyk hasasyny elinden alaryn+.

12 Men Ýehowa, olary hemmelerden güýçli ederin+,

Olar meniň adym bilen ýörärler“+. Muny Ýehowa aýdýar».

11 «Eý Liwan, gapylaryňy aç!

Ot kedr agaçlaryňy ýakyp kül etsin.

 2 Arça agajy, dady⁠-⁠perýat et, sebäbi kedr agajy ýykyldy,

Ajaýyp daragtlar ýok edildi.

Başanyň dub agaçlary, ahy⁠-⁠nala ediň,

Sebäbi gür tokaý weýran boldy.

 3 Diňläň! Çopanlar zaryn⁠-⁠zaryn aglaýar,

Sebäbi olar şan⁠-⁠şöhratyndan mahrum boldy.

Diňläň! Ýolbarslar arlaýar,

Sebäbi Iordanyň boýundaky jeňňellik ýok boldy.

4 Ýehowa Hudaýym şeýle diýýär: „Soýulmaga äkidiljek sürä çopançylyk et+. 5 Sürini satyn alanlar olary soýsalar⁠-⁠da+, günäkär hasaplanmaýar. Olary satýanlar+ bolsa: „Ýehowa şükür, indi men baýaryn“ diýýär. Çopanlaryň sürä nebsi agyrmaýar“+.

6 Mundan beýläk ýurduň ilatyna rehimim inmez — muny Ýehowa aýdýar. — Her kesi goňşusynyň, patyşasynyň eline tabşyraryn. Olar ýurdy tozdurarlar. Men olary hiç biriniň elinden halas etmerin».

7 Süriniň ejiz goýunlary! Men siziň hatyraňyza soýuljak goýunlaryň çopany boldum+. Men iki taýak alyp, birine «Ýagşylyk», beýlekisine bolsa «Agzybirlik»+ diýdim⁠-⁠de, sürini bakyp başladym. 8 Bir aýyň içinde üç çopany kowdum. Sebäbi olar sabyr käsämi doldurdylar. Olar meni ýigrendiler. 9 Men şeýle diýdim: «Indi sizi bakmaryn. Goý, ölen ölsün, gyrlan gyrylsyn. Diri galanlar biri⁠-⁠biriniň etini iýsin». 10 Men «Ýagşylyk»+ taýagyny aldym⁠-⁠da, döwdüm. Şeýdip, halk bilen baglaşan ähtimi bozdum. 11 Şol günüň özünde äht bozuldy. Maňa seredip duran ejiz goýunlar Ýehowanyň sözüniň ýerine ýetendigini gördüler.

12 Soňra men olara şeýle diýdim: «Eger makul bilseňiz⁠-⁠ä, hakymy beriň, makul bilmeseňiz, onda bermäň». Şonda olar maňa 30 kümüş teňňe+ berdiler.

13 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Olaryň bar beren haky şumy?!+ Bar, muny hazyna at». Men 30 kümüş teňňäni alyp, Ýehowanyň öýündäki hazyna atdym+.

14 Men Ýahuda bilen Ysraýylyň arasyndaky doganlygy bozmak üçin+ «Agzybirlik»+ diýlen ikinji taýagy döwdüm.

15 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Indi bolsa ýaramaz çopanyň+ goş⁠-⁠golamyny al. 16 Men ýurda bir çopan ibererin. Ol çalajan ýatan goýunlaryň aladasyny etmez+. Guzulary agtarmaz, ýaralaryny saramaz+, sagdynlaryna ot⁠-⁠iým bermez. Gaýtam ol semizlerini ýalmap ýuwudar+, toýnaklaryny goparar+.

17 Dereksiz çopanym, waý günüňe!+ Sen sürini taşlap gitdiň+.

Gylyç goluňa we sag gözüňe ýara salar.

Goluň gurar, sag gözüň kör bolar».

12 Habar.

«Ýehowanyň Ysraýyl babatda aýdan sözi».

Gök gümmezini ýaýan+,

Ýeriň düýbüni tutan+,

Ynsana ýaşaýyş demini beren Ýehowa şeýle diýýär:

2 «Men Iýerusalimi şeraply käse kimin ederin. Ol daş⁠-⁠töweregindäki halklaryň ählisini serhoş eder. Ýahuda hem, Iýerusalim hem gabawa düşer+. 3 Şol gün Iýerusalimi bütin halklar üçin agyr daş ederin. Ony galdyranlar agyr ýaralanar+. Ýer ýüzüniň halklary oňa garşy çykmak üçin ýygnanyşar+. 4 Şol gün atlary howsala salaryn — muny Ýehowa aýdýar. — Atlylary akylyndan azaşdyraryn. Gözüm Ýahuda öýünde bolar. Halklaryň ähli atlaryny kör ederin. 5 Ýahuda tirebaşylary içinden: „Iýerusalim ilaty biziň güýç⁠-⁠kuwwatymyz, sebäbi olaryň Hudaýy Serkerdebaşy Ýehowadyr“+ diýer. 6 Şol gün men Ýahuda tirebaşylaryny agaçlaryň arasyndaky lowlaýan ot kimin, ýaňy orlan bugdaý desselerine düşen alaw ýaly ederin+. Olar sagyndaky we çepindäki halklary ýakyp kül eder+. Iýerusalim ilaty öňki ýerinde, Iýerusalimde ýaşar+.

7 Dawut öýüniň we Iýerusalim ilatynyň şöhraty Ýahudanyňkydan aşa beýik bolmasyn diýip, Ýehowa ilki bilen Ýahuda çadyrlaryny halas eder. 8 Şol gün Ýehowa Iýerusalim ilatyny galkan kimin gorar+. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly güýçli bolar. Dawut öýi olara Hudaý ýaly, Ýehowanyň perişdesi ýaly ýol görkezer+. 9 Şol gün Iýerusalime garşy çykan her bir halky ýok ederin+.

10 Men Dawut öýüne we Iýerusalim ilatyna ruhumdan bererin, olar meni razy ederler, maňa dady⁠-⁠perýat ederler. Olar naýza bilen sanjylana serederler+. Olar ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly aglarlar. Nowbahar ogly üçin ahy⁠-⁠nala çekýän ýaly dady⁠-⁠perýat ederler. 11 Şol gün Megiddo düzlügindäki+ Hadatrimmonda bolşy ýaly, Iýerusalimde hem zar⁠-⁠zar aglarlar. 12 Tutuş ýurt ahy⁠-⁠nala çeker. Her maşgala aýry⁠-⁠aýry aglar. Dawut öýi aýry, aýallary aýry, Natan+ öýi aýry, aýallary aýry, 13 Lewi+ öýi aýry, aýallary aýry, şimeýler+ aýry, aýallary aýry, 14 galan ähli maşgalalar aýry, aýallary aýry aglar.

13 Şol gün Dawut öýi we Iýerusalim ilaty günäden hem⁠-⁠de haramlykdan arassalanar+ ýaly bir guýy gazylar.

2 Şol gün men ýurtdan butlary bütinleý ýok ederin+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Olar gaýdyp ýatlanmaz. Ýalan pygamberleri+ we ýigrenji işleri edýänleri* hem aýraryn. 3 Eger biri ýene⁠-⁠de ýalan pygamberlik etse, hatda dünýä inderen ene⁠-⁠atasy hem: „Sen ölersiň, sebäbi Ýehowanyň adyndan ýalan sözleýärsiň“ diýer. Ýalan pygamberlik edeni üçin, dünýä inderen ene⁠-⁠atasy ogluny öldürer*+.

4 Şol gün her bir pygamber gören görnüşini* gürrüň berende utanja galar. Olar ynsanlary aldamak üçin pygamberlik donuny*+ geýmez. 5 Olar şeýle diýer: „Men pygamber däl, men daýhan. Meni ýaşkam gul edip satyn aldylar“. 6 Eger biri: „Bedeniňdäki* tyg ýarasy näme?“ diýip sorasa, olar: „Dostumyň* öýünde otyrkam boldy“ diýip jogap berer».

 7 «Eý gylyç, oýan, çopanymyň+,

Dostumyň janyny al — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

Çopany öldür+, süri dargasyn+,

Men dereksiz adamlara el götererin.

 8 Tutuş ýurduň üçden iki bölegi gyrlyp ýok bolar — muny Ýehowa aýdýar.

Üçünji bölegi bolsa aman galar.

 9 Şol üçünji bölegi otdan geçirerin,

Kümüş dek olary arassalaryn,

Altyn dek olary barlaryn+,

Olar meniň adymy tutup çagyrarlar,

Menem olara jogap bererin.

Men: „Olar meniň halkym“ diýerin+,

Olar bolsa: „Ýehowa biziň Hudaýymyz“ diýerler».

14 «Ine, Ýehowanyň güni ýetip gelýär, şol gün senden* alnan zatlary gözüň alnynda paýlaşarlar. 2 Men ähli halklary Iýerusalime garşy söweşmek üçin ýygnaryn. Olar şäheri basyp alarlar, öýleri talarlar, aýallary zorlarlar. Şäher ilatynyň ýarysy sürgün ediler, galany şäherde galar.

3 Ýehowa aýaga galyp, söweş gününde bolşy ýaly, duşman halklar+ bilen söweşer+. 4 Şol gün onuň aýagy Iýerusalimiň gündogaryndaky Zeýtun dagynyň+ üstünde bolar. Zeýtun dagy gündogardan günbatara* tarap ikä bölünip, giň jülgäni emele getirer. Dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta tarap süýşer. 5 Siz daglarymyň arasyndaky jülgä gaçyp gutularsyňyz, sebäbi daglaryň arasyndaky jülge Asele çenli uzalyp gider. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň günlerinde bolan ýertitremede+ gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şonda meniň Hudaýym Ýehowa ähli mukaddesleri bilen geler+.

6 Şol gün nur saçylmaz+, ähli zat doňup galar. 7 Şol gün aýratyn bir gün bolar, oňa Ýehowanyň güni diýler+. Şol gün gije⁠-⁠gündiziň tapawudy bilinmez. Agşam düşse⁠-⁠de, ol ýer ýagty bolar. 8 Şol gün Iýerusalimden ýaşaýyş suwy+ akar+. Onuň ýarysy gündogar deňzine*+, beýlekisi günbatar deňzine*+ akar. Tomusda⁠-⁠da, gyşda⁠-⁠da şeýle bolar. 9 Ýehowa tutuş ýer ýüzüniň Patyşasy bolar+. Şol gün diňe Ýehowa sežde ederler+, diňe onuň adyna alkyş aýdarlar+.

10 Gebadan+ tä Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona+ çenli tutuş ýurt Araba jülgesi+ ýaly bolar. Iýerusalim öňki ýerinde dikeldiler+. Şäher ilaty Benýamin derwezesinden+ tä Birinji derwezä we Burç derwezesine çenli, Hananel diňinden+ patyşanyň üzüm sykylýan çukurlaryna çenli ähli ýerde mesgen tutar. 11 Indi ol ýer hiç haçan näletlenip weýran edilmez+, onda adamlar ýaşar. Iýerusalim ilaty asuda ömür sürer+.

12 Ýehowa Iýerusalime garşy söweşen ähli halklary mergä uçradar+. Olaryň bedenleri duran ýerlerinde, gözleri hanasynda, dilleri agyzlarynda çüýrär.

13 Şol gün Ýehowa olary howsala salar. Her kes ýanynda duran adama ýapyşar, bir⁠-⁠birlerine el galdyrarlar+. 14 Ýahuda hem Iýerusalimdäki söweşe gatnaşar. Olar goňşy halklaryň baýlygyny, birgiden altyn⁠-⁠kümşüni we geýimlerini üýşürerler+.

15 Atlara⁠-⁠da, gatyrlara⁠-⁠da, düýelere⁠-⁠de, eşeklere⁠-⁠de, duşman düşelgesindäki ähli mal⁠-⁠gara⁠-⁠da mergi deger.

16 Iýerusalime garşy çykan halklaryň galanlary Patyşa, Serkerdebaşy Ýehowa tagzym etmek*+ we Çatma baýramyny bellemek+ üçin her ýyl Iýerusalime gelerler+. 17 Eger ýer ýüzündäki halklardan biri Patyşa, Serkerdebaşy Ýehowa tagzym etmek üçin Iýerusalime gelmese, topragyna ýagmyr ýagmaz+. 18 Eger Müsür halky hem gelip, şähere girmese, olar hem ýagyş görmez. Ýehowa Çatma baýramyny bellemedik halklary edişi ýaly, olary⁠-⁠da mergä uçradar. 19 Ine, Müsüre we başga halklara berlen jeza şeýledir. Sebäbi olar Çatma baýramyny bellemäge gelmän günä gazandylar.

20 Şol gün bedewleriň jaňjagazlarynda „Ýehowa mukaddesdir!“*+ diýen ýazgy bolar. Ýehowanyň öýüniň gazanlary+, gurbanlyk ojagynyň* öňündäki jamlar+ ýaly mukaddes bolar. 21 Iýerusalimdäki, Ýahudadaky her bir gazan mukaddes bolar, olar Serkerdebaşy Ýehowanyňky bolar. Gurbanlyk bermäge gelenler şol gazanlarda et gaýnadarlar. Şol günden başlap Serkerdebaşy Ýehowanyň öýünde kenganlardan* hiç kim bolmaz»+.

Manysy: Ýehowa ýatlady.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: nazboýgül.

Ýa⁠-⁠da: gyzgylt⁠-⁠mele.

Sözme⁠-⁠söz: gögüň dört ýeline.

Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.

Ýagny zeýtun agajynyň miweli şahalary.

Sözlüge serediň.

Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa⁠-⁠da: Bir çuwallyk. Bir çuwal 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýagny Wawiloniýa.

Sözme⁠-⁠söz: ruhudyr.

Ýa⁠-⁠da: Ikisiniň arasynda parahatlyk bolar.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgini bildiriň.

Başga manysy: gaty daş. Belki, çalgydaş.

Ýa⁠-⁠da: hakykat; dogrulyk şäheri.

Ýa⁠-⁠da: dogruçyl.

Ýa⁠-⁠da: mert boluň!

Ýa⁠-⁠da: Mert boluň!

Ýa⁠-⁠da: ökünmändim.

Sözme⁠-⁠söz: Altyny köçäniň palçygy ýaly toplady.

Halkyň agyr derdi göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: jadyly hem syrly zatlary aýdýar.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: tekelerden.

Sözme⁠-⁠söz: burç küňresi. Ygtyýarly adamy, baştutany suratlandyrýar.

Sözme⁠-⁠söz: asgyç. Halky goldaýan adamy, hökümdary suratlandyrýar.

Ýa⁠-⁠da: haram ruhy.

Ýa⁠-⁠da: ýaralar.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: possunyny.

Sözme⁠-⁠söz: Elleriň arasyndaky. Ýagny gursak ýa⁠-⁠da arka göz öňünde tutulýar.

Ýa⁠-⁠da: Meni söýýäniň.

Ýagny ikinji aýatda aýdylýan şäher.

Sözme⁠-⁠söz: deňze.

Ýagny Öli deňzi.

Ýagny Ortaýer deňzi.

Ýa⁠-⁠da: sežde etmek.

Ýa⁠-⁠da: Mukaddeslik Ýehowa mahsusdyr!

Sözlüge serediň.

Başga manysy: täjirlerden.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş