Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Efesliler 1:1—6:24
  • Efesliler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Efesliler
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Efesliler

EFESLILERE HAT

1 Men Pawlus, Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly boldum. Men Efesdäki mukaddeslere+ we Isa Mesihiň şägirdi bolan wepaly doganlara hat ýazýaryn.

2 Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!

3 Halypamyz Isa Mesihiň Atasyna we Hudaýa şöhrat bolsun! Sebäbi Hudaý size Mesihiň şägirtleri hökmünde gökde ruhy bereketleri berdi+. 4 Hudaý bizi dünýä döremänkä saýlap, Mesihiň şägirdi etdi. Şonuň üçin biz Hudaýy söýüp, mukaddes we halal* ýaşamaly+. 5 Sebäbi Hudaý bizi niýetine we islegine görä+ öňünden saýlady+, Isa Mesih arkaly ogullyga aldy+. 6 Şeýlelikde, söýgüli Ogly+ arkaly uly ýagşylyk eden Hudaý+ şöhrata eýe bolar. 7 Hudaý Oglunyň döken gany bilen töleg* töläp, bizi gulçulykdan azat etdi+. Hawa, Hudaý uly ýagşylyk edip, günälerimizi bagyşlady+.

8 Ol köp ýagşylyk edip, akyldarlyk, düşünje berdi we 9 niýetiniň mukaddes syryny açdy+. Ol muny ýagşy niýet bilen edipdi. 10 Bellenen wagt dolanda, Hudaý niýetini* amala aşyrmak üçin gökdäki we ýerdäki zatlaryň ählisini Mesihde birleşdirer+. Hawa, Hudaý ähli zady Mesihde birleşdirer. 11 Biz hem onuň şägirtleri hökmünde mirasdüşer edip saýlandyk+. Ähli zady öz islegi boýunça amala aşyrýan Hudaý muny öňünden niýetledi. 12 Şonuň üçin Mesihe ilkinji umyt edenler Hudaýy şöhratlandyryp, alkyş aýtmaly. 13 Siz hem hakykat sözüni, gutulyş berýän hoş habary eşidip, Mesihe umyt etdiňiz. Şeýle⁠-⁠de iman edip, Hudaýyň Mesih arkaly wada beren mukaddes ruhy bilen möhürlendiňiz+. 14 Mukaddes ruh Hudaýyň wada beren zadyny aljakdygymyza kepil geçýändir+. Şeýlelikde, Hudaý halkyny azat etmek üçin+ töleg töledi+ we şan⁠-⁠şöhrata eýe boldy.

15 Men hem siziň Halypamyz Isa edýän imanyňyz we ähli mukaddeslere bolan söýgiňiz hakda eşidip, 16 siziň üçin Hudaýa hemişe minnetdarlyk aýdýaryn, doga⁠-⁠dileg edýärin. 17 Şeýle⁠-⁠de şöhratly Atamyzdan, Halypamyz Isa Mesihiň Hudaýyndan size akyldarlyk ruhuny bermegi we Özi hakdaky dogry bilimi düşündirmegi dileýärin+. 18 Ol siziň ýüregiňiziň gözüni açyp, size nähili umydyň berlendigine we mukaddesler üçin nähili şöhratly baýlygyň taýýarlanandygyna+ düşünmäge kömek etdi. 19 Hudaý iman edýänlere deňi⁠-⁠taýy bolmadyk güýjüni berdi+. Hudaýyň gudratly güýji 20 Mesihi direldip, gökde sag tarapynda oturdanda+ mälim boldy. 21 Hudaý Mesihi her bir hökümetden, häkimiýetden, güýçden, hökümdarlykdan we her bir atdan beýgeltdi+. Ony diňe bir häzirki döwürde* däl, gelejekde⁠-⁠de beýgelder. 22 Şeýle⁠-⁠de Hudaý ähli zady onuň aýagynyň astyna salyp, oňa tabyn etdi+ we ýygnagyň başy etdi+. 23 Ýygnak Mesihiň bedenidir+ we Mesihiň häsiýetlerinden doludyr. Mesih ähli zady hemme taraplaýyn doldurýandyr.

2 Eden etmişiňiz we günäleriňiz sebäpli ölen bolsaňyz⁠-⁠da, Hudaý sizi direltdi+. 2 Siz birmahallar şu dünýädäki* adamlar ýalydyňyz+, olara agalyk edýän howanyň hökümdarynyň islegine görä ýaşaýardyňyz+. Siz Hudaýa gulak asmaýan adamlaryň garaýşyna*+ eýerýärdiňiz. 3 Hawa, biziň ählimiz birwagtlar olaryň arasynda ten höweslerine eýerip ýaşaýardyk+. Tenimiziň we pikirimiziň islegine görä ýaşap+, ähli adamlar ýaly Hudaýyň gazabyna sezewar boljak çagalardyk+. 4 Ýöne Hudaý örän rehimdar+, bizi juda söýýär+. 5 Günälidigimiz sebäpli ölen bolsak⁠-⁠da, bizi Mesih bilen bile direltdi+, ýagşylyk edip halas etdi. 6 Şeýle⁠-⁠de Hudaý bizi Isa Mesih bilen direldip, şägirtleri hökmünde gökde onuň ýanynda oturtdy+. 7 Ol gelejekki döwürde* Mesihiň şägirtleri hökmünde bize çäksiz ýagşylyk edip, köp bereket berer.

8 Siz şol ýagşylyk arkaly iman edip, halas bolduňyz+. Muňa öz tagallaňyz bilen ýetmediňiz, ol Hudaýyň berýän berekedidir*. 9 Siz eden işleriňiz sebäpli halas bolmaýarsyňyz+, şonuň üçin hiç kimiň öwünmäge haky ýokdur. 10 Biz Hudaýyň elleriniň işi we Isa Mesihiň şägirtleri+, ýagşy işleri etmek üçin ýaradyldyk+. Hudaýyň niýeti şeýledir.

11 Unutmaň, siz ýehudy däl⁠-⁠de, başga halkdandyňyz. Ynsan eli bilen sünnetlenen adamlar size «sünnetsiz» diýýärdiler. 12 Şol wagtlar siz Mesihi tanamaýardyňyz, ysraýyl halkyndan däldiňiz, wada edilen ähtler+ size degişli däldi. Siz dünýäde umytsyz ýaşaýardyňyz, Hudaýy tanamaýardyňyz+. 13 Siz öň Hudaýdan uzakda bolsaňyz⁠-⁠da, indi Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Mesihiň gany arkaly Hudaýa ýakynlaşdyňyz. 14 Sebäbi Mesih bize parahatlyk berdi+. Ol iki topary birleşdirip+, olaryň arasyndaky diwary ýumurdy+. 15 Öz ölümi* arkaly duşmançylygy aýyrdy we Töwratdaky tabşyryklary ýatyrdy. Şeýdip, iki topary birleşdirip, täze topar*+ döretdi we parahatlyk berdi. 16 Ol jebir pürsi*+ arkaly iki toparyň adamlaryny bir beden etmek üçin Hudaý bilen ýaraşdyrdy. Öz ölümi arkaly duşmançylygy aradan aýyrdy+. 17 Soňra gelip, size, ýagny Hudaýy tanamaýanlara we tanaýanlara parahatlyk hakdaky hoş habary wagyz etdi. 18 Şonuň üçin iki toparyň adamlary bir ruh arkaly Atamyza arkaýyn doga⁠-⁠dileg edip bilýärler.

19 Indi siz ýat halk we gelmişek däl+, mukaddesler bilen bir raýat+, Hudaýyň maşgalasynyň agzalary+. 20 Siz resullardan we pygamberlerden ybarat düýbüň üstünde guruldyňyz+. Isa Mesih bolsa düýp daşydyr*+. 21 Tutuş bina Mesih bilen birdir, onuň bölekleri özara baglanyşyp+, Ýehowanyň* mukaddes ybadathanasyny gurýandyr+. 22 Siz hem Mesihiň şägirtleri hökmünde bir bina bolduňyz. Şol binada Hudaýyň ruhy ýaşar+.

3 Isa Mesih üçin we siziň, ýagny ýehudy dälleriň peýdasy üçin türmede oturan men Pawlus+... 2 Hudaýyň ýagşylygy arkaly size kömek etmek üçin jogapkärçilik alandygymy eşidensiňiz+. 3 Hawa, Hudaý maňa mukaddes syryny açdy. Men ol hakda size öň hem gysgaça ýazypdym. 4 Siz haty okap, Mesih baradaky mukaddes syra+ çuňňur düşünýändigimi bilersiňiz. 5 Syr öňki nesillere açylmandy. Häzir bolsa Hudaý syry ruhy arkaly mukaddes resullaryna we pygamberlerine açdy+. 6 Syr şundan ybarat: Isa Mesihiň başga milletli şägirtleri onuň mirasyna şärik bolup, bir bedeniň agzalary bolarlar+. Olar hem biziň ýaly hoş habar arkaly Hudaýyň beren wadasyna gowşarlar. 7 Men Hudaýyň ýagşylyk edendigi üçin mukaddes syry düşündirýän gullukçy boldum. Hudaý şol ýagşylygyny güýji arkaly berdi+.

8 Mukaddesleriň iň kiçisi+ bolan maňa⁠-⁠da ýagşylyk edildi+. Şonuň üçin men halklara Mesihiň gözýetmez baýlygy hakdaky hoş habary wagyz etmeli. 9 Şeýle⁠-⁠de men adamlara Hudaýyň mukaddes syrynyň+ ýerine ýetişini düşündirmeli. Ähli zady ýaradan Hudaý syry asyrlarboýy gizlin saklapdy. 10 Hudaý muny ýygnak arkaly+ gökdäki hökümetlere we häkimiýetlere akyldarlygyny dürli ýollar bilen açmak üçin+ edipdi. 11 Emma Hudaý muny Halypamyz Isa Mesih babatdaky ebedi niýetine görä+ amala aşyrdy. 12 Şol sebäpli Mesihe iman edýändigimiz üçin ynamly gepläp, Hudaýa ýakynlaşyp bilýäris+. 13 Siziň üçin kynçylyk çeksem⁠-⁠de, eliňizi gowşatmaň, sebäbi çekýän kynçylyklarym sizi şan⁠-⁠şöhrata ýetirer+.

14 Şonuň üçin hem Atamyň öňünde dyza çöküp doga edýärin. 15 Sebäbi gökdäki we ýerdäki her bir maşgalany Hudaý döredendir*. 16 Men şan⁠-⁠şöhratly Hudaýdan öz ruhy arkaly içki dünýäňizi* berkitmegini+ dileýärin. 17 Şeýle⁠-⁠de imanyňyz arkaly Mesihiň söýgi bilen ýürekleriňizde ýaşamagyny dileýärin+. Imanyňyz hem kök ursun+ we berk bolsun+. 18 Şonda siz ähli mukaddesler bilen hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünersiňiz. 19 Şeýle⁠-⁠de bilimden ýokary bolan Mesihiň söýgüsine+ düşünmegiňizi isleýärin, şonda Hudaýyň häsiýetlerini öwrenersiňiz.

20 Hawa, bize täsir edýän güýji arkaly+ Hudaý dileýän we düşünýän zatlarymyzdan⁠-⁠da has köp zatlary edip bilýär+. 21 Goý, ýygnak we Isa Mesih arkaly Hudaýa nesilden⁠-⁠nesle baky hem ebedi şöhrat bolsun! Omyn!

4 Men Pawlus, Halypamyzyň şägirdi bolandygym üçin türmede otyryn+. Sizden haýyş edýärin: Hudaýyň çakylygyna mynasyp ýaşaň+. 2 Şeýle⁠-⁠de elmydama pesgöwünli*+, ýumşak, sabyrly boluň+, biri⁠-⁠biriňizi söýüň+ we oňşukly ýaşaň. 3 Parahatlygy saklaň, mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan ediň+. 4 Siz bir umyt+ üçin çagyryldyňyz, şonuň üçin beden birdir+, ruh birdir+, 5 Halypamyz birdir+, iman birdir, suwa çümdüriliş hem birdir, 6 hemmeleriň Atasy we Hudaýy birdir. Hudaý hemmeleriň üstünden höküm sürýär, hemmeleri ulanýar we hemmelere güýç berýär.

7 Hudaý her birimize ýagşylyk edýär. Muny Mesihiň beren bereketlerinden*+ görse bolýar. 8 Sebäbi: «Ol ýokaryk galyp, ýesirleri alyp gitdi, soňra olary bereket* hökmünde berdi»+ diýilýär. 9 «Ol ýokaryk galdy» diýen jümle onuň aşak, ýagny ýere düşendigini hem aňladýar. 10 Ýere düşeniň özi ähli zatlary berjaý etmek üçin gökden⁠-⁠de has ýokary galdy+.

11 Ol käbirini resul+, käbirini pygamber+, käbirini hoş habarçy+, käbirini çopan we mugallym+ edip berdi. 12 Ol muny mukaddesleri düzetmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň bedenini berkitmek üçin etdi+. 13 Biziň imanymyz bir bolup, Hudaýyň Ogly hakda dogry bilim alýançak, olar tabşyrylan işi ýerine ýetirerler+. Şonda biz ähli zatda Mesihe meňzäp, uly* adam bolarys. 14 Indi çagalar ýaly bolmalyň, ýalan taglymatlara+, adamlaryň hilesine we her dürli mekirligine aldanyp, deňizde iki ýana çaýkanýan, ýele eýläk⁠-⁠beýläk kowulýan gaýyk ýaly bolmalyň. 15 Gaýtam hakykaty aýdyp, söýgi bilen bedeniň başy Mesihden+ görelde alalyň we ähli zatda oňa meňzäliň. 16 Mesih arkaly bütin beden+ özara sazlaşykly birleşýär we bedeniň her bir agzasy biri⁠-⁠biriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Her agzanyň kadaly işlemegi bütin bedeniň ösmegine, ýagny söýgüde berkemegine ýardam edýär+.

17 Şeýlelikde, men Halypamyzyň adyndan size şuny ündeýärin: indi şu dünýäniň adamlaryna meňzäp+, biderek pikirlere eýerip ýaşamaň+. 18 Olaryň aň⁠-⁠düşünjesi garaňkylykda, Hudaýyň berýän ýaşaýşyndan daşlaşdylar, ýürekleriniň gatylygy sebäpli Hudaýy tanamak islemeýärler. 19 Olar ahlak kadalaryndan ýüz öwrüp, haýasyz* işleri+ edýärler we açgözlük bilen her dürli haram işlere baş goşýarlar.

20 Siz bolsa Mesih hakda şeýle zatlary öwrenmediňiz. 21 Siz Isany diňläp, hakykaty öwrenmelidiňiz. Sebäbi hakykat ondadyr. 22 Siz öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykarmagy öwrendiňiz+, sebäbi olar öňki ýaşaýşyňyza laýyk gelýärdi, aldawçy höwesleriňiz bolsa sizi azdyrýardy+. 23 Pikiriňizi* hemişe täzeläp duruň+. 24 Şeýle⁠-⁠de Hudaýyň islegine görä ýaradylan hakyky dogruçyllyga we wepadarlyga esaslanan täze häsiýetleri geýiň+.

25 Indi ýalan sözlemäň, ähliňiz ýakynyňyza hakykaty aýdyň+, sebäbi biz bir bedeniň agzalary+. 26 Gaharlansaňyz⁠-⁠da, günä etmäň+, Gün batýança, gaharyňyz ýatsyn+, 27 Iblise ýol bermäň+. 28 Ogry indi ogurlyk etmesin, mätäçlere kömek edip biler ýaly, öz elleri bilen zähmet çekip+, ýagşylyk etsin+. 29 Agzyňyzdan göwne degiji* söz çykmasyn+, diňe gerekli wagty ruhlandyryjy sözleri aýdyň. Şonda sizi diňleýänlere peýdaly bolar+. 30 Hudaýyň mukaddes ruhuny gynandyrmaň+, sebäbi siz gutulyş güni töleg* arkaly halas bolar ýaly+, şol ruh bilen möhürlendiňiz+.

31 Özüňizden öýke⁠-⁠kinäni+, gahar⁠-⁠gazaby, gykylygy, sögünç sözleri*+ hem⁠-⁠de ähli erbetligi aýryň+. 32 Gaýtam bir⁠-⁠biriňize mähirli boluň we rehim⁠-⁠şepagat ediň+. Hudaýyň Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri⁠-⁠biriňizi ýürekden bagyşlaň+.

5 Şeýlelikde, söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň+. 2 Mesihiň bizi* söýşi ýaly+, siz hem biri⁠-⁠biriňizi söýüň+. Ol janyny ýakymly ysly gurban hökmünde+ biziň* üçin Hudaýa berdi.

3 Araňyzda ahlaksyzlygyň*, her hili haramlygyň ýa⁠-⁠da açgözlügiň ady⁠-⁠da agzalmasyn+, sebäbi şeýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir+. 4 Haýasyz adamlar ýaly bolmaň, biderek gürrüňleri we ýaramaz degişmeleri aýtmaň+. Size şeýle zatlar ýaraşýan däldir, muňa derek Hudaýa minnetdarlyk aýdyň+. 5 Sebäbi siz ahlaksyzyň*+, ýigrenjiniň, açgöz+, ýagny butparaz adamyň Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilýänsiňiz+, muňa doly göz ýetirensiňiz.

6 Goý, hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Sebäbi olara gulak asýan adamlara Hudaýyň gazaby iner. 7 Şonuň üçin şeýle adamlar bilen gatnaşmaň. 8 Siz öň garaňkylykdadyňyz, indi Halypamyzyň şägirdi bolup+ ýagtylyga çykdyňyz+. Şonuň üçin ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda geziň. 9 Sebäbi her dürli gowulyk*, dogruçyllyk we hakykat ýagtylygyň miwesidir+. 10 Hudaýyň nämäni halaýandygyny biljek boluň+. 11 Indi garaňkylygyň ýaramaz* işlerine gatnaşmaň+, gaýtam olary paş ediň. 12 Biz şeýle adamlaryň gizlinlikde edýän işlerini aýtmaga⁠-⁠da utanýarys. 13 Ýagtylykda ähli erbet işleriň üsti açylýandyr, sebäbi üsti açylan zatlar ýagtylyga çykýandyr. 14 Hudaý: «Eý uklap ýatan adam, oýan, direl!+ Şonda Mesih size ýagtylyk berer»+ diýýär.

15 Akylsyz adamlar ýaly däl⁠-⁠de, paýhasly adamlar ýaly ýaşamak üçin her bir ädimiňize ünsli boluň. 16 Wagtyňyzy paýhasly ulanyň*+, sebäbi erbet günlerde ýaşaýarys. 17 Akylsyz adamlar ýaly bolmaň⁠-⁠da, Ýehowanyň* islegine düşünjek boluň+. 18 Şerapdan serhoş bolmaň+, sebäbi ol azgyn* işleri etdirýändir, gaýtam mukaddes ruhdan doly boluň. 19 Biri⁠-⁠biriňiz* bilen gepleşeniňizde Hudaýa alkyşlar, öwgüli aýdymlar, ruhy aýdymlar aýdyň+, ýürekden*+ aýdym aýdyp+, Ýehowany* şöhratlandyryň. 20 Halypamyz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýa we Atamyza+ ähli zat üçin elmydama minnetdar boluň+.

21 Biri⁠-⁠biriňize tabyn bolup+, Mesihe uly hormat goýuň. 22 Goý, aýal ärine Mesihe tabyn bolşy ýaly tabyn bolsun+. 23 Mesihiň ýygnagyň* halasgäri we başy+ bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr+. 24 Ýygnagyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýal hem ähli zatda ärine tabyn bolmaly. 25 Mesihiň ýygnagy söýüp, janyny gurban berişi ýaly+, ärler, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň!+ 26 Mesih ýygnagy mukaddes etmek üçin, suw bilen, ýagny Hudaýyň sözi bilen ýuwup päk etdi+. 27 Sebäbi Isa ýygnagyň mukaddes we birkemsiz+, ýagny päk, tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa⁠-⁠da şuňa meňzeş kemçiliksiz bolmagyny isledi+.

28 Är hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir. Aýalyny söýýän adam özüni söýýändir. 29 Hiç bir adam bedenini ýigrenýän däldir, gaýtam naharlanyp, bedeniniň aladasyny edýändir. Mesih hem ýygnagyň aladasyny edýändir. 30 Biz hem Mesihiň bedeniniň agzalary+. 31 «Erkek adam ene⁠-⁠atasyny goýup, aýaly bilen biriger* we ikisi bir beden bolar»+. 32 Şu mukaddes syr+ örän wajypdyr. Men Mesih we ýygnak hakda aýdýaryn+. 33 Şonuň üçin her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň+, aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun+.

6 Çagalar, Hudaýyň isleýşi ýaly ene⁠-⁠ataňyza gulak asyň+, sebäbi şeýle etmek dogrudyr. 2 «Ene⁠-⁠ataňyza hormat goýuň»+ diýen ilkinji tabşyryk şu wada bilen baglydyr: 3 «Şonda siz gowy günler görüp, uzak ýaşarsyňyz». 4 Atalar, çagalaryňyzy gaharlandyrmaň+, gaýtam olary Ýehowanyň* terbiýesi+ we öwüt⁠-⁠ündewi* bilen ulaldyň*+.

5 Eý gullar, hojaýynyňyza Mesihe gulak asyşyňyz ýaly hormat we gorky bilen gulak asyň+. 6 Adamlaryň öňünde göz üçin däl⁠-⁠de+, Mesihiň gullary hökmünde Hudaýyň islegini ýürekden berjaý edip gulak asyň+. 7 Hojaýynyňyza adamlara däl⁠-⁠de, Ýehowa* gulluk edýän ýaly höwes bilen hyzmat ediň+. 8 Sebäbi gul bolsun, azat bolsun, ýagşylyk edýän her bir adamy Ýehowanyň* sylaglajakdygyny bilýänsiňiz+. 9 Eý hojaýynlar, siz hem gullaryňyz bilen özüňizi şeýle alyp baryň, olara haýbat atmaň. Sebäbi olaryň hem, siziň hem Hojaýynyňyz gökdedir+, ol hiç kimi ala tutýan däldir.

10 Goý, Hudaý gudratly güýji bilen siziň ähliňizi berkitsin!+ 11 Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň berýän ähli söweş ýaraglaryny dakynyň+. 12 Sebäbi biziň söweşimiz+ adamlara garşy däl⁠-⁠de, gökdäki zalym ruhlara+, hökümetlere, häkimiýetlere we garaňky dünýäniň hökümdarlaryna garşydyr. 13 Şol sebäpli Hudaýyň berýän ähli söweş ýaraglaryny dakynyň+. Şonda duşmanyň hüjümine* gaýtawul berip bilersiňiz we ähli zady berjaý edip berk durarsyňyz.

14 Şeýlelikde, berk durup, biliňize hakykat guşagyny daňyň+, egniňize dogruçyllyk sowudyny+, 15 aýagyňyza hoş habaryň aýakgabyny geýip, parahatlygy wagyz etmäge taýyn boluň+. 16 Eliňize uly iman galkanyny+ hem alyň. Şonda duşmanyň ähli otly oklaryny* öçürip bilersiňiz+. 17 Kelläňize gutulyş tuwulgasyny+ geýiň*, eliňize Hudaýyň sözi bolan ruhuň gylyjyny+ alyň. 18 Her ýagdaýda her hili doga⁠-⁠dileg+ we ýalbarma arkaly ruhda doga ediň+. Oýa boluň we mukaddesler üçin elmydama dileg ediň. 19 Agzymy açanymda, hoş habaryň mukaddes syry hakda batyrgaý wagyz edip biler ýaly, meniň üçin hem doga ediň+. 20 Meni hoş habaryň ilçisi+ hökmünde zynjyrlar bilen baglasalar⁠-⁠da, siziň doga⁠-⁠dilegleriňiz batyrgaý wagyz etmäge kömek eder. Sebäbi batyrgaý wagyz etmek meniň borjumdyr.

21 Eziz doganymyz hem⁠-⁠de Halypamyzyň wepaly guly Tihikus+ size men we edýän işlerim hakda ähli zady gürrüň berer+. 22 Şonuň üçin ony ýanyňyza iberýärin. Şonda biz hakda eşidip, ýürekleriňiz rahatlyk tapar.

23 Doganlar, Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size parahatlyk, iman, söýgi bersin. 24 Goý, Hudaýymyz Halypamyz Isa Mesihi ýürekden söýýänleriň ählisine ýagşylyk etsin!

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: hojalygy dolandyrmak işini.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: häzirki döwürdäki. Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: ruhuna. Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: sowgadydyr.

Sözme⁠-⁠söz: bedeni.

Sözme⁠-⁠söz: adam.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme⁠-⁠söz: maşgala Hudaýdan at alandyr.

Ýa⁠-⁠da: ýüregiňiziň.

Ýa⁠-⁠da: pikiriňizde pesgöwünli.

Ýa⁠-⁠da: sowgatlaryndan.

Ýa⁠-⁠da: sylag; sowgat.

Ýa⁠-⁠da: ýetişen.

Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: Pikiriňize täsir edýän güýji. Sözme⁠-⁠söz: Pikiriňiziň ruhuny.

Sözme⁠-⁠söz: çüýrük; porsy.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: göwne degiji sözleri.

Başga manysy: sizi.

Başga manysy: siziň.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: miwesiz.

Sözme⁠-⁠söz: Amatly wagty satyn alyň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa⁠-⁠da: edepsiz; tertipsiz.

Başga manysy: Öz⁠-⁠özüňiz.

Ýa⁠-⁠da: ýürekleriňizde.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa⁠-⁠da: bedeniň.

Ýa⁠-⁠da: galar.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa⁠-⁠da: görkezmesi.

Sözme⁠-⁠söz: aňlaryna guýuň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme⁠-⁠söz: zalym günde.

Ýa⁠-⁠da: naýzalaryny.

Ýa⁠-⁠da: Halas bolmak umydyny kelläňize tuwulga edip geýiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş