PETRUSYŇ BIRINJI HATY
1 Men Isa Mesihiň resuly Petrus+. Men Pontusdaky, Galatýadaky, Kappadokiýadaky+, Aziýadaky we Bitiniýadaky saýlananlara, ýagny wagtlaýyn ýaşaýjylara hat ýazýaryn. 2 Gökdäki Atamyz we Hudaýymyz öňünden aýdyşy ýaly+, sizi saýlap, gulak asmagyňyz üçin ruhy arkaly mukaddes etdi+, Isa Mesihiň gany bilen arassalady*+.
Goý, Hudaý size köp ýagşylyk* etsin we parahatlyk bersin!
3 Halypamyz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna şöhrat bolsun! Biz Hudaýyň beýik ýagşylygy bilen täzeden doguldyk+ we Isa Mesihiň direlmegi+ bilen berk umyda eýe bolduk+. 4 Hudaý çüýremez, arassa we solmaz mirasy wada berýär+, ol siziň üçin gökde saklanýar+. 5 Hudaý sizi gudratly güýji bilen gorap, dünýäniň soňunda iman arkaly halas etmek isleýär. 6 Siz häzir dürli synaglar sebäpli biraz wagt kynçylyk çekseňiz-de, ýürekden şatlanyp bilýärsiňiz+. 7 Şeýle synagdan geçen imanyňyz+ altyndan-da has gymmatlydyr, sebäbi altyn otda arassalansa-da, ýok bolup gidýär. Isa Mesih gelende bolsa, şeýle imanyňyz üçin hormata, şöhrata we öwgä mynasyp bolarsyňyz+. 8 Siz Mesihi hiç haçan görmeseňiz-de, ony söýýärsiňiz. Siz ony häzirem görmeýärsiňiz, ýöne oňa iman edip, ýürekden begenýärsiňiz, juda şatlanýarsyňyz. 9 Sebäbi iman maksadyňyza ýetmäge, ýagny halas bolmaga kömek eder+.
10 Size ediljek ýagşylyk hakda pygamberler hem aýdypdy. Olar siziň gutulyşyňyza düşünjek bolup, ähli zady jikme-jik öwrendiler we çuňňur gözleg geçirdiler+. 11 Pygamberler Mesihiň görgi görüp+, soňra şan-şöhrata eýe boljakdygyna mukaddes ruhuň kömegi bilen düşündiler. Şonuň üçin olar Mesihiň haçan geljekdigini we oňa nämeleriň boljakdygyny anyklamaga çalyşdylar+. 12 Hudaý pygamberlere aýdylan habaryň olara däl-de, size degişlidigini äşgär etdi, sebäbi pygamberler size hyzmat edýärdiler. Indi bolsa şol hoş habar gökden inen mukaddes ruhuň kömegi bilen size-de wagyz edilýär+. Şol zatlara perişdeler hem düşünmek isleýär.
13 Şeýlelikde, pikiriňizi jemläp, dogumly boluň+, hemişe sagdyn pikirleniň+. Isa Mesih äşgär bolanda size ýagşylyk eder. Şol ýagşylyga umyt baglaň. 14 Hudaýy tanamaýan döwrüňiz eýeren höwesleriňizi goýup, gulak asýan çagalar ýaly boluň. 15 Sizi çagyran Mukaddes Hudaýdan görelde alyp, ähli zatda mukaddes boluň+. 16 «Mukaddes boluň, sebäbi men mukaddesdirin»+ diýip ýazylgy.
17 Siz hiç kimi ala tutmaýan+ we eden işine görä höküm çykarýan Atany çagyrýan bolsaňyz, şu dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjy hökmünde ýaşap, Hudaýdan gorkuň+. 18 Bilip goýuň, sizi ata-babalaryňyzdan galan biderek ýaşaýyşdan altyn-kümüş ýaly çüýreýän zatlar halas edip bilmedi*+. 19 Emma siz ýazyksyz we şikessiz guzynyň+, ýagny Mesihiň+ gymmatly gany bilen halas bolduňyz+. 20 Aslynda, Hudaý ony dünýä ýaradylmanka saýlapdy+, ýöne ol siziň hatyraňyza soňky günlerde äşgär boldy+. 21 Siz ol arkaly Hudaýa iman etdiňiz+, sebäbi Hudaý Mesihi ölümden direldip+, şan-şöhrat berdi+. Indi siz Hudaýa iman edip, umyt baglaýarsyňyz.
22 Siz indi Hudaýyň hakykatyna gulak asyp, päk bolduňyz we doganlary ýürekden* söýmegi öwrendiňiz+. Şol sebäpli-de biri-biriňizi ak ýürekden söýüň+. 23 Siz çüýreýän tohumdan däl-de, çüýremeýän tohumdan+. Siz Biribar, baky Hudaýyň sözi+ bilen täzeden doguldyňyz+. 24 Sebäbi «ähli ynsanlar gök maýsa kimindir, olaryň gözelligi sähra gülleri ýalydyr. Ot guraýar, gülleri dökülýär. 25 Emma Ýehowanyň* sözi ebedi galýar»+. Şol «söz» eşiden hoş habaryňyzdyr+.
2 Şeýlelikde, ähli erbetlikden+, ýalançylykdan, ikiýüzlülikden, göriplikden we göwne degiji sözlerden gaça duruň. 2 Ýaňy doglan bäbekler ýaly+, arassa süýdi, ýagny Hudaýyň sözüni küýsäň, sebäbi siz ol arkaly halas bolup bilersiňiz+. 3 Siz Halypamyzyň ýagşylygyny dadyp gördüňiz.
4 Siz Halypamyzyň, ýagny diri daşyň huzuryna geldiňiz. Adamlar ondan ýüz öwürseler-de+, Hudaý şol daşy saýlady, sebäbi ol onuň üçin gymmatlydy+. 5 Siz hem ruhy öýi gurýan diri daşlar bolduňyz+. Siz Isa Mesih arkaly+ Hudaýa ýaraýan ruhy gurbanlyklary bermek üçin+ mukaddes ruhany bolduňyz. 6 Şonuň üçin mukaddes kitaplarda: «Ine, men Sionda saýlanan daşy, gymmatbaha düýp daşy goýýaryn. Oňa iman eden lapykeç bolmaz»+ diýilýär.
7 Ol siziň üçin hem gymmatlydyr, sebäbi iman etdiňiz. Emma iman etmeýänler üçin «ussalaryň zyňan daşy+ indi esasy daş* boldy»+. 8 Şeýle-de ol «büdredýän daş* we ýykyp-ýumurýan gaýa boldy»+. Şeýle adamlar Hudaýyň sözüne gulak asman büdreýärler. Olar hakda öňden bäri aýdylýar. 9 Emma siz garaňkylykdan ýagtylyga çagyranyň+ «ajaýyp häsiýetlerini* ähli ýerlerde yglan etmäge+ saýlanan millet+, ruhanylaryň patyşalygy we mukaddes hem eziz halk*+ bolduňyz». 10 Siz öň halk däldiňiz, indi Hudaýyň halky bolduňyz+. Size öň rehim edilmeýärdi, indi bolsa rehim edilýär+.
11 Eziz doganlarym, gelmişekler we wagtlaýyn ýaşaýjylar+ hökmünde şuny ündeýärin: size garşy söweşýän+ günäli höweslerden+ uzakda duruň. 12 Sizi erbet iş edýänler hökmünde günäkärleýän adamlaryň arasynda ýagşy edim-gylymly boluň+. Şonda olar ýagşy işleriňizi görüp+, barlag güni Hudaýy şöhratlandyrarlar.
13 Halypamyzyň hatyrasyna ähli ynsan häkimiýetlerine+: patyşa+ 14 ýa-da häkimlere tabyn boluň. Olar erbetlere temmi berýär, ýagşylyk edýänleri bolsa öwýär+. 15 Sebäbi Hudaý siz barada nädogry zatlary aýdýan akylsyz adamlary dymdyrmak üçin ýagşylyk etmegiňizi isleýär+. 16 Siz azat adamlar+, ýöne azatlygyňyzy erbet işleriňizi gizlemek* üçin däl-de+, Hudaýyň gullary bolmak üçin ulanyň+. 17 Ähli adamlara hormat goýuň+, bütin dünýädäki doganlary* söýüň+, Hudaýdan gorkuň+, patyşany sylaň+.
18 Hyzmatkärler hojaýynlaryna uly hormat goýup tabyn bolsunlar+. Diňe ýagşy we paýhasly hojaýynlara däl-de, ynjyk hojaýynlara-da tabyn bolsunlar. 19 Sebäbi ynsabyny päk saklamak üçin adalatsyzlyga duçar bolýan we kynçylyklara* çydaýan adamy Hudaý halaýandyr+. 20 Eger etmişleriňiz üçin uranlarynda çydaýan bolsaňyz, öwner ýaly näme edýärsiňiz?+ Emma ýagşy işleriňiz üçin kynçylyklara döz gelseňiz, Hudaýy razy edýärsiňiz+.
21 Aslynda, siz şonuň üçin hem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih hem siziň üçin horluk çekip+, yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy+. 22 Ol hiç hili günä etmedi+, agzyndan ýekeje ýalan söz hem çykmady+. 23 Sögenlerinde+, sögmedi+, görgi görende+, haýbat atmady, gaýtam özüni adalatly höküm çykarýan Hudaýyň eline tabşyrdy+. 24 Ol bizi günäden azat edip*+, dogruçyl ýaşatmak üçin jebir pürsüne*+ çüýlendi, günälerimizi bedeninde göterdi. «Onuň ýaralary size melhem boldy»+. 25 Siz azaşan goýunlar ýalydyňyz+, indi bolsa janyňyzy goraýan çopana+ we gözegçä dolandyňyz.
3 Aýallar, siz hem äriňize tabyn boluň+. Eger äriňiz Hudaýyň sözüni diňlemeýän bolsa, onda aýdýan sözleriňize däl-de, edim-gylymyňyza seredip iman eder+. 2 Sebäbi olar siziň päk ýaşaýşyňyzy+ we çuňňur hormatyňyzy görerler. 3 Siz özüňizi diňe bir saç örümleri, altyn şaý-sepler+ ýa-da gymmatbaha eşikler bilen däl-de, 4 Hudaýyň gymmat saýýan ýuwaş we mylaýym häsiýetleri* bilen bezäň+, sebäbi olar hiç haçan solmaýan gözellikdir. 5 Gadymy döwürde Hudaýa umyt edip ýaşan wepaly* aýallar hem ärine tabyn bolup özlerini bezeýärdiler. 6 Bibisara hem Ybraýyma hojaýynym diýip tabyn bolýardy+. Eger siz ýagşy işleri edip, hiç bir zatdan gorkmasaňyz, Bibisaranyň gyzlary bolarsyňyz+.
7 Ärler, siz hem paýhasly bolup, aýalyňyzyň ýagdaýyna düşünjek boluň. Olara ejiz gap ýaly garap, hormat goýuň+, ýogsam Hudaý doga-dilegleriňizi diňlemez, sebäbi aýallar hem siziň bilen deň hatarda+ Hudaýyň ýagşylygy bilen ýaşaýşy miras alarlar.
8 Şeýlelikde, ähliňiz bir pikirde+, duýgudaş, rehimdar+, pesgöwünli boluň+, biri-biriňizi doganyňyz kimin söýüň. 9 Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň+, biri-biriňize göwne degiji sözleri aýtmaň+, gaýtam Hudaýyň saýlanlary hökmünde hoş sözleri aýdyň+, şonda Hudaý size köp bereket berer*.
10 «Kim bagtly ýaşap, uzak ömür sürmek islese, dilini erbetlikden+ we agzyny hilegärlikden saklasyn. 11 Ýamanlykdan gaça dursun+, ýagşylyk etsin+, parahatlygy agtarsyn, ony gorap saklasyn+. 12 Ýehowa* dogruçyllara nazar salýar, olaryň ýalbaryp edýän dogalaryny eşidýär+. Ýehowa* erbetlerden ýüzüni sowýar»+.
13 Ýagşy işleri yhlasly etseňiz, kim size ýamanlyk eder?+ 14 Emma dogruçyl bolanyňyz üçin görgi görýän bolsaňyz bagtlysyňyz+. Ýöne adamlaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň*, alada-da etmäň+. 15 Ýüregiňizde Mesihi Halypamyz hökmünde mukaddes hasaplaň. Umydyňyz hakda sorana jogap bermäge hemişe taýyn boluň, ýöne muny ýumşaklyk+ we çuňňur hormat bilen aýdyň+.
16 Päk ynsaply+ we Mesihiň şägirtleri hökmünde ýagşy edim-gylymly boluň+, şonda siz hakda erbet zatlary aýdýanlar utanarlar+. 17 Eger Hudaý horluk çekmegiňize ýol berse, ýamanlyk däl-de+, ýagşylyk edip horluk çekeniňiz gowudyr+. 18 Dogruçyl Mesih günäleri bir gezekde hemişelik aýyrmak üçin öldi+. Ol günäli adamlary+ Hudaý bilen ýaraşdyrmak isledi+. Mesih ynsan bolup öldi+, ýöne ruh bolup direldildi+. 19 Soňra gidip, tussaglykdaky ruhlara wagyz etdi+. 20 Hudaý Nuhuň günlerinde gäminiň ýasalmagyna+ sabyrly garaşýarka, şol ruhlar gulak asmandylar+. Şonda tupandan bary-ýogy sekiz adam* halas bolupdy+.
21 Şol waka suwa çümdürilmek bilen deňeşdirilýär. Indi siz suwa çümdürilip, Isa Mesihiň direlmegi bilen halas bolýarsyňyz. Suwa çümdürmek bolsa bedeniňdäki hapany ýuwmagy däl-de, Hudaýdan päk ynsaby dilemegi aňladýar+. 22 Mesih göge galyp, Hudaýyň sag tarapynda oturdy+, perişdeler, häkimiýetler, güýçler hem oňa tabyn boldy+.
4 Mesih ynsan bedeninde görgi görüpdi+. Siz hem onuň pikir edişi ýaly pikirlenmegi ýüregiňize berk düwüň. Sebäbi görgi görýän adam günäden el çekýär+. 2 Şonda ol galan ömrüne ten höweslerine görä däl-de+, Hudaýyň islegini berjaý edip ýaşar+. 3 Siziň öň haýasyz* işler, ahlaksyz höwesler, serhoşlyk, keýpi-sapaly oturylyşyklar, içhä-içişlik, ýigrenji butparazlyk bilen meşgullanyp+, şu dünýäniň islegine görä ýaşanyňyz+ ýeterlikdir. 4 Siz indi olar bilen azgyn işlere gatnaşmaýarsyňyz, şonuň üçin size geň galyp sögýärler+. 5 Emma şeýle adamlar dirileri-de, ölüleri-de höküm etjek Mesihiň öňünde jogap bererler+. 6 Şonuň üçin hoş habar ölülere-de wagyz edilýär+. Olara ähli adamlar ýaly ynsan bedenindekä höküm edilse-de, Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen ýaşap bilerler.
7 Ähli zadyň soňy golaýlady. Şonuň üçin sagdyn düşünjeli bolup+, doga etmäge hemişe taýýar* boluň+. 8 Esasan-da, biri-biriňizi ýürekden söýüň+, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr*+. 9 Zeýrenmän myhmansöýer boluň+. 10 Hudaý size ýagşy we jogapkärli hyzmatkärler hökmünde dürli ýollar bilen ýagşylyk edýär. Şonuň üçin alan ukybyňyza* görä birek-birege hyzmat ediň+. 11 Gepleýän adam Hudaýyň habaryny aýtsyn, hyzmat edýän adam Hudaýyň güýjüne bil baglasyn+. Şonda Hudaý Isa Mesih arkaly ähli zatda şöhratlanar+. Goý, şöhrat we güýç baky hem ebedilik Hudaýyňky bolsun! Omyn!
12 Eziz doganlarym, agyr* synaglar başyňyza inende+, üýtgeşik zat bolýandyr öýtmäň. 13 Mesih ýaly görgi görýändigiňize+ begeniň+. Şonda onuň şan-şöhratynyň äşgär bolan döwründe-de begenip, köp şatlanarsyňyz+. 14 Eger Mesihiň ady üçin masgaralaýan* bolsalar, özüňizi bagtly hasaplaň+, sebäbi Hudaýyň şöhratly ruhy üstüňize inýändir.
15 Siziň araňyzda hiç kim ganhor, ogry, jenaýatçy bolup ýa-da başgalaryň işine goşulyp görgi görmesin+. 16 Hiç kim mesihçi bolany üçin görgi görýändigine utanmasyn+, gaýtam göterýän adyna mynasyp ýaşap, hemişe Hudaýy şöhratlandyrsyn. 17 Sebäbi bellenen wagt gelende, Hudaý ilki öz öýündäkileri höküm eder+. Eger ol ilki bizden başlaýan bolsa+, onda Hudaýyň hoş habaryny kabul etmeýän adamlara näme bolar?+ 18 «Eger dogruçyl adama halas bolmak kyn bolsa, hudaýsyz we günäkär adama näme bolar?»+ 19 Şol sebäpli Hudaýyň islegini berjaý edip görgi görýänler mundan beýläk-de ýagşylyk etsinler, janyny wepaly Ýaradyjynyň eline tabşyrsynlar+.
5 Şeýlelikde, men Mesihiň gören görgüleriniň şaýady, onuň äşgär bolmaly şöhratynyň+ şärigi we ýaşuly hökmünde siziň araňyzdaky ýaşululara ýüzlenýärin*. 2 Size ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň+. Hudaýyň öňünde mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň*+; öz bähbidiňizi gözlemäň-de+, höwes bilen gulluk ediň. 3 Hudaýyň mülküniň üstünden agalyk etmän+, gaýtam sürä görelde boluň+. 4 Şonda baş çopan äşgär bolanda+, solmajak şöhratly täji alarsyňyz+.
5 Ýaşlar, siz hem ululara* tabyn boluň+. Ýöne hemmäňiz pesgöwünli boluň*, sebäbi Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär+.
6 Şonuň üçin Hudaýyň güýçli gollarynyň astynda pesgöwünli boluň, ol hem sizi öz wagtynda beýgelder+. 7 Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň+, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär+. 8 Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň+. Duşmanyňyz Iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir*+. 9 Şonuň üçin Iblise garşy duruň+, imanda berk boluň, sebäbi bütin dünýädäki doganlaryňyz* hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýär+. 10 Hudaý sizi Mesih arkaly ebedi şöhratyna çagyrdy+. Biraz wagt azap çekseňiz-de, ýagşylyga baý Hudaý size doly tälim berer, berkider+, güýç berer+ we çydamly eder. 11 Goý, güýç-kuwwat ebedilik onuňky bolsun! Omyn!
12 Men wepaly dogan Silwanus*+ arkaly gysgajyk hat ýazyp, sizi ruhlandyrmak üçin Hudaýyň ýagşylygy hakda höwes bilen gürrüň berýärin. 13 Siziň ýaly saýlananlaryň biri, ýagny Wawilondaky aýal hem-de oglum Markus+ salam aýdýar. 14 Biri-biriňiz bilen mähirli* salamlaşyň.
Mesihiň şägirtleriniň ählisine parahatlyk bolsun!
Sözme-söz: ganyny sepdi.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: satyn almady.
Ýa-da: hilesiz.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýagny öwgä mynasyp häsiýetlerini we işlerini.
Ýa-da: genji-hazyna; hususy emläk.
Ýa-da: aklamak.
Sözme-söz: doganlygy.
Ýa-da: hasrata; agyra.
Ýa-da: doly dyndyryp.
Ýa-da: agaja.
Sözme-söz: ruhy.
Sözme-söz: mukaddes.
Sözme-söz: Hudaýdan miras alarsyňyz.
Başga manysy: haýbatyndan gorkmaň.
Sözme-söz: jan. Sözlüge serediň.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Ýa-da: hüşgär; oýa.
Ýa-da: hemişe bagyşlaýandyr.
Sözme-söz: sylagyňyza.
Sözme-söz: ot ýaly.
Ýa-da: sögýän.
Ýa-da: maslahat berýärin.
Ýa-da: ünsli aladasyny ediň.
Ýa-da: ýygnak ýaşululara.
Sözme-söz: pesgöwünliligi geýiň.
Ýa-da: ýuwutmaga adam gözleýär.
Sözme-söz: doganlyk.
Ýagny Silas.
Sözme-söz: posalar bilen.