7-NJI BÖLÜM
Isanyň direlişinden, tä Pawlus tussag edilýänçä
Isa üç günden direlýär. Şol gün Isa şägirtlerine bäş gezek görünýär. Şeýdip, Isa olara ýene-de 40 günüň dowamynda göründi. Soňra ol şägirtleriniň gözüniň öňünde göge galýar. Hudaý on günden Isanyň Iýerusalimdäki şägirtlerine mukaddes ruhundan berýär.
Soňra Hudaýyň duşmanlary resullary türmä basýarlar, ýöne perişde olary boşadýar. Isanyň şägirdi Stefanusy daşlap öldürýärler. Soňra Isa duşmanlarynyň içinden özüne bir şägirt saýlandygyny bileris. Ol beýleki şägirtlerinden tapawutlanyp, soňra Pawlus resul ady bilen tanalmalydy. Isanyň ölüminden üç ýarym ýyl geçende, Hudaý Petrus resuly Korneliusa we onuň tutuş öý-içerisine wagyz etmek üçin iberýär.
Pawlus on üç ýyldan ilkinji wagyz syýahatyna gidýär. Ikinji wagyz syýahatynda oňa Timoteos hem goşulýar. Soňra biz Pawlusyň we onuň ýoldaşlarynyň wagyz syýahatynda bolan tolgundyryjy wakalary hakda bileris. Netijede, Pawlusy Rimde türmä basdylar. Ony iki ýyldan boşadyp, soňra ýene-de türmä basyp, ölüm jezasyny berdiler. ÝEDINJI bölümiň wakalary 32 ýyla golaý wagty öz içine alýar.