Soňky sahypa
MAŞGALA—adamzat jemgyýetinde gadym zamandan bäri uly orun tutýar, ýöne oňa häzir howp abanýar. Ýetginjekleriň arasynda neşekeşligiň we ahlaksyzlygyň giňden ýaýramagy, aýrylyşmak we maşgaladaky zorluklar häzirki jemgyýetiň üstüne hakyky bela bolup abanýar. Şeýle-de doly däl maşgalalaryň barha artmagy we başga-da köp kynçylyklar käbir adamlary maşgalany gorap bolarmyka diýip çynlakaý oýlanmaga mejbur edýär.
Şu günler bir-biriniň aladasyny edýän, goraýan we goldaw berýän maşgala tapyp bolarmy? Hawa, eger onuň agzalary maşgala bagtynyň syryny bilýän bolsalar, tapyp bolar. Bu syr gizlin däl. Ony eýýäm ençeme asyrlardan bäri durmuşda ulanýarlar we her gezek onuň peýdalydygyna göz ýetirýärler. Bu nähili syr? «Maşgala bagtynyň syry» atly kitaby okasaňyz ony bilersiňiz. Şeýle-de bu «syryň» maşgaladaky dürli kynçylyklary ýeňmäge kömek edýändigini görkezýän durmuşdan alnan mysallary taparsyňyz. Eýsem, şu günler şeýle maglumata mätäç däl adam barmy?