12-nji sapak
Ýaşaýşa we gana hormat goýmak
Biz ýaşaýşa nähili garamaly? (1) aborta? (1)
Mesihçiler howpsuzlyga nädip çalyşýarlar? (2)
Haýwanlary öldürmek bolýarmydyr? (3)
Haýsy endiklerde ýaşaýşa hormat goýmazlyk görünýär?(4)
Hudaýyň kanunynda gan barada näme aýdylýar? (5)
Kanunda gan goýbermeklik hem göz öňüne alynýarmyka? (6)
1. Ýehowa — ýaşaýşyň Gözbaşy. Hemme diri zat öz ýaşamagy bilen Hudaýa borçly (Zebur 36:9). Hudaýyň garaýşynda, ýaşaýyş mukaddes zat. Ýehowa üçin, hatda ýaňy düwlen, entek dogulmadyk çaganyň ýaşaýşy hem gymmatdyr. Göwrede döräp, ösüp barýan çagany bilgeşleýin öldürmeklik — Hudaýyň öňünde zalymlykdyr (Çykyş 21:22, 23; Zebur 127:3).
2. Hakyky mesihçiler howpsuzlyga çalyşýarlar. Olar awtomaşyny howpsuz sürer ýaly, öýde bolsa howpsuz ýaşar ýaly jan edýärler (Kanunyň Gaýtalanyşy 22:8). Hudaýyň gullukçylary keýp üçin ýa-da diňe ýiti duýgular almak maksady bilen, öz janlaryny biderek howpa sezewar etmeýärler. Şonuň üçin olar, adamlara bilgeşleýin zyýan ýetirilýän, zorlukly sport görnüşlerine gatnaşmaýarlar. Olar, zorluga höweslendirýän tomaşalardan gaça durýarlar (Zebur 11:5; Ýahýa 13:35).
3. Ýaradyjynyň öňünde haýwanlaryň hem jany mukaddesdir. Mesihçiler, özlerini iýmit we eşik bilen üpjün etmek üçin, hem-de keselleriň we howpuň öňüni almak üçin haýwanlary öldürseler bolýar (Barlyk 3:21; 9:3; Çykyş 21:28). Emma haýwanlary äsgermezçilik edip we olary sport höwesi bilen ýa-da keýpine öldürmeklik — nädogry (Süleýmanyň Tymsallary 12:10).
4. Mesihçilere çilim çekmek, nas atmak we keýp üçin narkotik ulanmak bolmaýar. Bulary etmek — ýaman, sebäbi 1) bular ýaly endikler adamlary gulçulyga salýar, 2) bedeniňe zyýan ýetirýär we 3) hapa (Rimliler 6:19; 12:1; 2 Korintoslylar 7:1). Bu endiklerden dynmak örän kyn bolýar. Emma Ýehowa ýaranmak üçin, olary taşlamak gerek.
5. Gan hem Hudaýyň öňünde mukaddes. Hudaý ganda jan, ýagny ýaşaýyş bar diýýär. Gan iýmek nädogry. Şeýle hem, gany doly dökülmedik haýwanyň etini iýmek nädogry. Eger haýwan bogulan bolsa, ýa-da gapana düşüp ölen bolsa, ony iýmeli däl. Eger ol naýza bilen sanjylan bolsa, ýa-da tüpeň bilen atylan bolsa, haýwanyň derrew damagyny çalyp ganyny dökmeli, diňe şondan soň ony iýmek bolar (Barlyk 9:3, 4; Lewililer 17:13, 14; Resullaryň Işleri 15:28, 29).
6. Eýsem gany damara goýbermek bolmaýarmy? Ýadyňyzda bolsun: Ýehowa, gandan saklanmagymyzy talap edýär. Bu, näme sebäp bolaýanda-da biz başga adamlaryň ganyny, we hatda, özümizden alnyp bir ýerde saklanan gany-da bedenimize guýdurmaly däldigimizi aňladýar (Resullaryň Işleri 21:25). Şonuň üçin hakyky mesihçiler gan goýbermekden boýun gaçyrýarlar. Olar başga bejeriş usullaryna, meselem, gansyz preparatlary goýbermeklige razy. Mesihçileriň ýaşasy gelýär, emma olar Hudaýyň kanunlaryny bozmak bilen öz janlaryny halas etjek bolmazlar (Matta 16:25).
[25-nji sahypadaky surat]
Hudaýa ýaranmak üçin, biz gan goýbermekden, hapa endiklerden we biderek howpdan gaça durmalydyrys.