Içki sahypa
Mähriban dostum!
Akyldarlykda deňi-taýy bolmadyk Süleýman patyşa: «Eý, ýaş ýigit (gyz), ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git» diýýär (Wagyz kitaby 11:9). Ýaşlyk ýyllaryň iň gowy we gyzykly döwür bolýar. Biz seniň bu ýyllary gowy geçirmegiňi tüýs ýürekden arzuw edýäris! Ýöne Ýehowa Hudaýyňy hem begendirip ýaşamagy ýatdan çykarma. Ol durmuşyňy nämä bagyş edýändigiňi görýär we şoňa görä-de kazylyk eder. Şol sebäpli Süleýman patyşanyň: «Juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla» diýen paýhasly maslahatyna gulak as (Wagyz kitaby 12:1).
Biz bu kitapdaky maslahatlaryň saňa ýaşlyk ýyllaryňda döreýän kynçylyklary ýeňmäge we Hudaýyň islegine görä karara gelmäge kömek etmegi üçin gyzgyn doga edýäris. Şeýdip, sen Ýehowany begendirip ýaşarsyň (Süleýmanyň tymsallary 27:11).
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty