Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • scl sah. 119—122
  • Ýehowa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa
  • Mukaddes Kitapdan maslahatlar
Mukaddes Kitapdan maslahatlar
scl sah. 119—122

Ýehowa

Hudaýyň ady

Ýehowa diýen at «Boldurýar» diýmegi aňladýar

1Ms 1:1; 2Ms 3:13—15; Zb 102:25; Işa 42:5

Ýehowa gullukçylarynyň aladasyny etmek üçin kim bolaýyn diýse bolup bilýär

Zb 19:14; 68:5; Işa 33:22; 40:11; 2Kr 1:3, 4

Serediň: Zb 118:14; Işa 30:20; Ýer 3:14; Zek 2:5

Ýehowanyň adynyň aklanmagy näme üçin wajyp?

Zb 83:18; Işa 29:23; Hyz 36:23; Luk 11:2

Biz näme üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa gulak asmaly?

Ylh 4:11; 7:9—12

Ýehowanyň titullary:

Allatagala (1Ms 14:18—22; Zb 7:17).

Arkadag (5Ms 32:4; Işa 26:4).

Ata (Mat 6:9; Ýah 5:21).

Beýik Hudaý (Ýew 1:3; 8:1).

Beýik Mugallym (Işa 30:20).

Döwürleriň Patyşasy (1Tm 1:17; Ylh 15:3).

Älemiň Hökümdary (Işa 25:8; Ams 3:7).

Gudratygüýçli (1Ms 17:1; Ylh 19:6).

Serkerdebaşy Ýehowa (1Şm 1:11).

Ýehowanyň esasy häsiýetleri

Ýehowa mukaddes Hudaý. Hudaýyň mukaddesligi bizi näme etmäge höweslendirýär?

2Ms 28:36; 3Ms 19:2; 2Kr 7:1; 1Pe 1:13—16

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Işa 6:1—8. Işaýa pygamber Ýehowanyň mukaddesligi hakda görnüş görende, özüni dereksiz duýýar. Ýöne seraplaryň biri oňa günäli adamyň hem Hudaýyň öňünde arassa bolup bilýändigini aýtdy.

    • Rim 6:12—23; 12:1, 2. Pawlus resul günäli höweslerimiz bilen göreşmek we «mukaddes ýaşamak» üçin näme etmelidigimizi aýtdy.

Ýehowanyň çäksiz güýji bar. Ol güýjüni nädip ulanýar?

2Ms 15:3—6; 2Tr 16:9; Işa 40:22, 25, 26, 28—31

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 5Ms 8:12—18. Musa pygamber ysraýyl halkyna ähli gowy zatlary Gudratygüýçli Ýehowanyň berendigini aýtdy.

    • 1Pa 19:9—14. Ýehowa güýjüni görkezip, ruhdan düşen Ylýas pygamberi ruhlandyrdy.

Ýehowa näme üçin iň adalatly şahsyýet diýse bolar?

5Ms 32:4; Eýp 34:10; 37:23; Zb 37:28; Işa 33:22

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 5Ms 24:16—22. Musa pygambere berlen kanundan görnüşi ýaly, Ýehowa adalatly, rehimdar we mähirli Hudaý.

    • 2Tr 19:4—7. Ýehoşapat patyşa kazylary bellände, olara öz düşünjesine görä däl-de, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça kazylyk etmegi tabşyrdy.

Ýehowanyň iň akyldar şahsyýetdigini nireden bilýäris?

Zb 104:24; Nak 2:1—8; Ýer 10:12; Rim 11:33; 16:27

Serediň: Zb 139:14; Ýer 17:10

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Pa 4:29—34. Ýehowa Süleýman patyşa çäksiz akyldarlyk berdi, ýer ýüzünde ondan akyldar adam ýokdy.

    • Luk 11:31; Ýah 7:14—18. Isa Süleýmandan hem akyldardy; ýöne ol akyldarlygy Ýehowanyň berýändigini aýtdy.

Ýehowa adamlary güýçli söýýändigini nädip görkezdi?

Ýah 3:16; Rim 8:32; 1Ýh 4:8—10, 19

Serediň: Sep 3:17; Ýah 3:35

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Mat 10:29—31. Isa serçe hakdaky mysaly gürrüň berip, Ýehowanyň gullukçylaryny söýýändigini we gadyryny bilýändigini aýtdy.

    • Mar 1:9—11. Ýehowa Hudaý gökden Ogluny söýýändigini we oňa guwanýandygyny aýtdy. Bu waka çagalaryň öwgüli sözlere we söýgä mätäçdigini görkezýär.

Siz Ýehowanyň ýene nähili häsiýetlerini gowy görýärsiňiz? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň başga-da häsiýetleri agzalýar. Meselem, Ýehowa...

adalatly (Zb 7:9).

bagtly Hudaý (1Tm 1:11).

beýik (Zb 8:1; 148:13).

ebedi Hudaý (Zb 90:2; 93:2).

ähli zady görýär (2Tr 16:9; Nak 15:3).

jomart (Zb 104:13—15; 145:16).

mähirli (2Ms 34:6).

parahat (Flp 4:9).

pesgöwünli (Zb 18:35).

rehimdar (Işa 49:15; 63:9; Zek 2:8).

sabyrly (Işa 30:18; 2Pe 3:9).

şöhratly (Ylh 4:1—6).

üýtgemeýän Hudaý (Mel 3:6; Ýak 1:17).

wepaly (Ylh 15:4).

ýagşylyk edýän Hudaý (Luk 6:35; Rim 2:4).

Ýehowa Hudaýy ýakyndan tanasak durmuşymyza nähili täsir eder?

5Ms 6:4, 5; Mar 12:28—32

Ýehowa gulluk etmek

Ýehowanyň öz gullukçylaryndan güýjünden artyk zady talap etmeýändigini nireden bilýäris?

5Ms 10:12; Mik 6:8; 1Ýh 5:3

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 5Ms 30:11—14. Ysraýyl halkyna Ýehowanyň Musa pygamber arkaly beren kanunlaryna gulak asmak kyn däldi.

    • Mat 11:28—30. Isa şägirtlerine: «Men ýumşak we pesgöwünlidirin» diýdi, sebäbi ol Atasy Ýehowadan görelde alýardy.

Biz näme üçin Ýehowany şöhratlandyrmaly?

Zb 105:1, 2; Işa 43:10—12, 21

Serediň: Ýer 20:9; Luk 6:45; Res 4:19, 20

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Zb 104:1, 2, 10—20, 33, 34. Mezmurçy Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn edip, ony şöhratlandyrdy.

    • Zb 148:1—14. Ähli janly we jansyz zatlar hem-de perişdeler Ýehowany şöhratlandyrýar. Biz hem olaryň göreldesine eýermeli.

Biziň edim-gylymymyz Ýehowany nädip şöhratlandyrýar?

Mat 5:16; Ýah 15:8; 1Pe 2:12

Serediň: Ýak 3:13

Biz näme üçin Ýehowa bilen dostlaşmaly?

Zb 73:28; Ýak 4:8

Pesgöwünlilik häsiýeti Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edýär?

Zb 138:6; Işa 57:15

Mukaddes Kitaby okamak we oýlanmak Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edýär?

Zb 1:1—3; 77:11—13; Mel 3:16

Ýehowa barada öwrenen zatlarymyzy näme üçin durmuşymyzda ulanmaly?

Luk 6:46—49; Ýak 1:22—25

Biz näme üçin Ýehowadan hiç zady gizlemeli däl?

Eýp 34:22; Nak 28:13; Ýer 23:24; 1Tm 5:24, 25

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Pa 5:20—27. Geýhaz eden günäsini gizlejek bolanda, Ýehowa Alyşa pygamber arkaly ony paş etdi.

    • Res 5:1—11. Ananýas bilen Sapfira eden işini gizlejek boldy. Ýehowa olara ýalan sözländigi üçin jeza berdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş