Mazmuny
3 Olar höwes bilen gulluk edýarler—Türkiýe
28 AWGUST, 2017—3 SENTÝABR, 2017 ARALYGYNDAKY HEPDE
Bu makalada biz Ýehowany we Isany «dost edinmek» üçin maddy emlägimizi nädip ulanyp biljekdigimiz barada öwreneris (Luka 16:9). Şeýle-de dünýäniň açgöz söwda-satyk işlerinden gaça durup, mümkin boldugyndan, Ýehowa nädip köpräk gulluk edip biljekdigimize serederis.
4—10 SENTÝABR, 2017 ARALYGYNDAKY HEPDE
Mesihçi dogan-garyndaşynyň ölümine nädip döz gelip biler? Ýehowa Isa Mesih, Mukaddes Ýazgylar we ýygnak duşuşyklary arkaly teselli berýär. Bu makalada biz özümize we hasrat çekýän adamlara teselli bermek üçin näme etmelidigimiz barada gürrüň ederis.
11—17 SENTÝABR, 2017 ARALYGYNDAKY HEPDE
147-nji mezmurdaky sözler Hudaýyň halkyny gaýta-gaýta Ýehowany şöhratlandyrmaga çagyrýar. Eýsem, mezmurçy näme üçin Ýehowanyň şöhratlanmagyny isleýärdi we biz näme üçin ony şöhratlandyrmaly? Bu makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.
18—24 SENTÝABR, 2017 ARALYGYNDAKY HEPDE
22 Goý, Ýehowa «ähli niýetleriňe ýetirsin»
Ýaş dogan-uýalaryň köpüsi uzak wagtly gullugy yhlasly ýerine ýetirýärler. Sizem muny isleýärmisiňiz? Şu makala size Ýazgylardaky maslahatlaryň kömegi bilen bagtly we üstünlikli gelejek üçin nähili ädimleri ätmelidigini görkezer.