Bildiriş
◼ Ýygnagyň kätibi «Pioner gullugy üçin arza» (S-205-U) we «Kömekçi pioner üçin arza» (S-205b-U) diýen resmi kagyzlaryň hemişe ýeterlikli bolmagynyň aladasyny etmeli. «Pioner gullugy üçin arzany» ibermezden öň, onuň doly doldurlandygyny barlaň.
◼ Eger başga ýurda syýahata gitmekçi bolsaňyz we ol ýerdäki ýygnak duşuşyklaryna, etrap ýa-da welaýat kongreslerine barmagy göz öňünde tutsaňyz, olaryň geçiriljek senesini, wagtyny, ýerini bilmek üçin, haýyş hatyňyzy şol ýere gözegçilik edýän filiala iberiň. Filiallaryň salgysyny şu ýylky «Ýyllyk kitabynyň» soňky sahypasyndan tapyp bilersiňiz.
◼ 2008-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 25, 26-syna, anna we ruhgünleri, Solneçnyýdäki filial ýazky arassalaýyş işi sebäpli ýapyk bolar. Şol günleri ekskursiýa geçirilmez we ýygnaklar üçin edebiýatlar berilmez.