Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Sentýabr sah. 26—30
  • Ýehowa «ekilen ýerimizde gülläp ösmäge» kömek etdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa «ekilen ýerimizde gülläp ösmäge» kömek etdi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň patasy göz öňüme getirişimden hem üýtgeşik boldy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýehowa meni hemişe goldaýardy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Özgerişlikleri şatlyk bilen kabul ediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Beýik Mugallymyň tälimi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Sentýabr sah. 26—30
Mats bilen En-Ketriniň çet ýerlerde gulluk edýärkä maşynyň gapdalynda düşen suraty.

TERJIMEHAL

Ýehowa «ekilen ýerimizde gülläp ösmäge» kömek etdi

MATS BILEN EN-KETRIN KASHOLM GÜRRÜŇ BERDI

«EKILEN ýeriňde gülläp ös!» Üýtgeşik maslahat, şeýle dälmi?! Şwesiýaly är-aýal Mats bilen En-Ketrine näme üçin şeýle maslahatyň berlendigini we nädip kömek edendigini bileliň.

Mats bilen En-Ketrin Kasholm 1979-njy ýylda Gilead mekdebinde okadylar. Olar Eýranda, Mawrikide, Mýanmada, Tanzaniýada, Ugandada we Zairde gulluk etdiler. Gilead mekdebinde okan döwürleri Jek Redford mugallymyň beren şol maslahaty olara dürli ýerlerde gulluk etmäge kömek etdi. Geliň, olaryň öz agzyndan eşideliň.

Hakykata nädip gelendigiňizi gürrüň beräýiň.

Mats: Ikinji jahan urşy döwri kakam Polşada ýaşaýardy. Ol katolik buthanasyndaky ruhanylaryň ikiýüzlüdigini görýärdi. Ol hemişe: «Hakyky din bolaýmaly» diýýärdi. Kakam dogry aýdýan ekeni. Bir gezek men ulanylan kitaplary satyn aldym. Olaryň içinde «Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat» diýen gök kitap bar eken. Kitabyň ady gyzykly bolansoň, ony daňa çenli okap çykdym. Şonda men hakykaty tapandygyma düşündim.

Şol wagt 1972-nji ýylyň aprel aýydy. Men Ýehowanyň Şaýatlarynyň köp kitaplaryny okadym we Mukaddes Kitapdan soraglaryma jogap tapdym. Isanyň gürrüň beren mysalyndaky söwdagär ýaly menem gymmatbaha «merjeni» tapanymdan soň, bar zadymy «satyp» ony satyn aldym. Men uniwersitetde okap, lukman bolmak maksadymdan el çekip, Ýehowa gulluk etmegi saýladym (Mat. 13:45, 46). Şeýdip, 1972-nji ýylyň 10-njy dekabrynda suwa çümdürildim.

Şol ýyl ene-atam bilen oglan jigim hem Mukaddes Kitapdan bilim alyp, suwa çümdürildiler. Men 1973-nji ýylyň iýul aýynda pioner gullugyna başladym. Ýygnagymyzda Ýehowany jany-teni bilen söýýän, yhlasly wagyz edýän En-Ketrin atly pioner uýa bardy. Biz biri-birimizi gowy gördük we 1975-nji ýylda toý etdik. Toýdan soň biz Şwesiýanyň Strýomsund şäherinde dört ýyllap gulluk etdik. Şol şäher gaty owadandy we ol ýerde Hudaý barada bilmek isleýän adamlar köpdi.

En-Ketrin: Kakam hakykaty Stokgolmda uniwersitetde okaýarka eşitdi. Şol wagtlar men üç aýlyk bäbekdim. Kakam meni kiçiligimden ýygnaklara, wagza äkidýärdi. Emma ejem muny halamaýardy. Ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň öwredýän zatlaryny nädogry hasaplap, olardan kemçilik tapjak bolýardy. Ýöne ähli zat tersine boldy. Onuň özi hem hakykaty kabul edip, suwa çümdürildi. Men 13 ýaşymda suwa çümdürildim, 16 ýaşymda pioner gullugyna başladym. Men kömek gerek ýerde, Umeýada gulluk etdim. Şondan soň meni ýörite pioner edip bellediler.

Biz toý edenimizden soň köp adamlara hakykata gelmäge kömek etdik. Olaryň biri ýaşlygyndan sport bilen meşgullanan ýetginjek gyz Meýwor. Ol Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin sporty taşlaýar we gyz jigim bilen pioner bolup gulluk edýär. Olar 1984-nji ýylda Gilead mekdebinde okaýarlar we olary Ekwadora missioner edip belleýärler.

Siz dürli ýerlerde gulluk edeniňizde «Ekilen ýeriňde gülläp ös!» diýen maslahata nädip eýerdiňiz?

Mats: Bizi birnäçe gezek dürli ýerlerde gulluk etmäge bellediler. Bizi nirä iberseler-de, Isa ýaly pesgöwünli bolup, baran ýerimize görä bolmaga jan edýärdik (Kol. 2:6, 7). Biz baran ýerimizdäki dogan-uýalary üýtgetjek bolman, gaýtam özümiz olara görä bolýardyk. Olaryň pikirlenişini, medeniýetini öwrenýärdik. Isanyň yzyna eýerdigimizçe «akar suwuň ýakasynda ekilen» agaç ýaly baran ýerimizde gülläp ösýärdik we gullugymyzdan şatlyk tapýardyk (Zeb. 1:2, 3).

Mats bilen En-Ketriniň elinde goş-golamy we iýmit bar.

Göçüp-gonup ýaşadyk

En-Ketrin: Oturdylan agajyň ösmegi üçin Günüň şöhlesi gerek bolýar. Şonuň ýaly Ýehowa hem biziň hemişe «güneşimiz» boldy (Zeb. 84:11). Ol dogan-uýalar arkaly bize mährini, söýgüsini çoýdy. Meselem, Eýrandaky dogan-uýalar elaçyk hem göwnaçykdy. Olaryň myhmansöýerligi Mukaddes Kitapdaky käbir wakalary ýadymyza salýar. Biz Eýrandaky dogan-uýalar bilen şeýle bir ysnyşdyk welin, ol ýerden gaýdasymyz gelmeýärdi. Emma 1980-nji ýylyň iýul aýynda hökümet Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işini gadagan etdi we bizden 48 sagadyň dowamynda ýurtdan çykmagy talap etdi. Şondan soň bizi Zair döwletine (häzirki ady Kongo) bellediler.

Zairiň çet obasyndaky çatma.

Zairden ýakymly ýatlamalar (1982)

Bizi Afrika bellänlerinde agladym, sebäbi ol ýerde keselçiligiň, zäherli ýylanlaryň köpdügini eşidýärdim we gitmäge gorkdum. Emma köp ýyl bäri Afrikada gulluk edýän är-aýal şeýle diýdi: «Duruň hany, çala eşidip çatma ýykmaň! Siz entek Afrikada bolup görmediňiz-ä. Baryp görüň, siz ol ýeri halarsyňyz». Olar dogry aýdypdyr. Zairdäki mähirli, mylaýym dogan-uýalara söz ýok. Biz ol ýerde alty ýyl gulluk edenimizden soň wagyz işi gadagan edildi. Zairden gaýtmaly bolanymyzda ýylgyranymy duýman galdym, sebäbi öň Afrika gelesim gelmeýärdi, indi bolsa gidesim gelmeýär. Men: «Ýehowa, haýyş edýärin, Afrikada galaýaly» diýip ýalbardym.

Ýehowa gulluk edip nähili bereketleri aldyňyz?

En-Ketrin «ýatak jaýlarynyň» gapdalynda oturgyçda otyr.

Tanzaniýadaky «ýatak jaýymyz» (1988)

Mats: Biz dürli ýerlerden gelen missionerler bilen dostlaşdyk. Köp adamlara hakykata gelmäge kömek etdik. Hatda käbir ýurtlarda herimiz 20 adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçdik. Afrikadaky dogan-uýalaryň söýgüsi, myhmansöýerligi ýüregimizde öçmejek yz galdyrdy. Tanzaniýadaky ýygnaklary idänimizde biz maşynda ýatyp-turmaly bolýardyk. Ol ýerdäki dogan-uýalar garyp ýaşasalar-da, bize zerur zatlarymyzy artygy bilen ýetirýärdiler (2 Kor. 8:3). Şol ýatlamalaryň içinde üýtgeşik birini belläp geçesim gelýär. Aýalym ikimiz her gün agşam günüň dowamynda bolan zatlar hakda gürrüň edýärdik we Ýehowa beren goldawy üçin sagbolsun aýdýardyk. Biz şol gürrüňdeşlik edýän wagtymyza «süýji söhbet» diýip at goýupdyk.

En-Ketrin: Men dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar bilen tanşanyma örän begenýärin. Biz köp ýurtlarda gulluk edip, dürli ýerleriň medeniýetini we pars, fransuz, luganda, swahili dillerini öwrendik. Biz täze şägirtleri taýýarladyk, köp dogan-uýalar bilen dostlaşdyk we Ýehowa «eginme-egin» gulluk etdik (Sep. 3:9, çykgyt).

Biziň gulluk eden ýurtlarymyzyň gözelligini görmäge göz gerekdi. Biz her gezek täze ýurda bellenenimizde hamala Ýehowa bilen syýahat edýän ýaly bolýardyk. Ýehowa bize hiç kimiň berip bilmejek tälimini berdi.

Surat: 1) Mats bilen En-Ketrin çagaly aýala wagyz edýär. 2) En-Ketrin masaý tiresinden bir oglana wagyz edýär.

Tanzaniýanyň dürli ýerlerinde wagyz etdik

Siz durmuşda nähili kynçylyklary başdan geçirdiňiz we olara nädip döz geldiňiz?

Mats: Biz gulluk eden ýyllarymyzda gyzzyrma we başga-da dürli keseller bilen keselledik. Şeýle-de En-Ketrini birnäçe gezek gaýragoýulmasyz operasiýa etdiler. Üstesine-de, biz garry ene-atamyzy hem alada edýärdik. Emma bagtymyza, dogan-garyndaşlarymyz olara seretdiler. Olar «ýok» diýmän, zeýrenmän ene-atamyzyň höwes bilen aladasyny etdiler (1 Tim. 5:4). Biz ene-atamyzdan uzakda ýaşasak-da, olara elimizden gelen kömegi edýäris. Käte şonda-da olaryň ýanynda bolup bilmeýändigimize gynanýarys.

En-Ketrin: 1983-nji ýylda Zairde gulluk edýärkäk agyr keselledim. Lukman ärime: «Aýalyňy şu günüň özünde ýurtdan alyp git» diýdi. Ertesi gün biz ýük daşalýan uçarly Şwesiýa gitdik. Bu şol ýere gitmegiň ýeke-täk ýoludy.

Mats: Biz missioner gullugymyzy tamamlamaly bolarys öýtdük we gözýaşymyzy saklap bilmedik. Lukman aýalyma gowulaşmaz diýse-de, En-Ketrin ýuwaş-ýuwaşdan aýaga galdy. Bir ýyldan soň biz ýene-de Zaire gaýdyp bardyk. Ýöne bu gezek bizi Lubumbaşidäki swahili dilinde gepleýän kiçiräk ýygnaga bellediler.

En-Ketrin: Lubumbaşide gulluk edýärkäk, men göwreli boldum. Emma çagamyz dünýä inmänkä aradan çykdy. Biziň çaga etmek maksadymyz bolmasa-da, balajygym aýrylanda ýüregim para-para boldy. Ajy hasrat çeken günlerim Ýehowa meni ýeke goýmady. Ol maňa üýtgeşik sowgatlary berdi. Biz öňküdenem köp adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladyk. Bir ýylyň içinde ýygnakdaky wagyzçylaryň sany 35-den 70-e ýetdi. Ýygnaga gelýänleriň sany bolsa 40-dan 220-ä ýetdi. Biz yhlasymyzy gowşatman wagyz edýärdik, Ýehowa-da tagallamyza ak patasyny berýärdi. Ýehowanyň bereket berýändigini görüp ýüregim rahatlanýardy. Biz häli-häzirem balajygymyzy ýatlaýarys. Ýehowanyň ýürek ýaralarymyzy bitirjek günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Mats: Aradan wagt geçensoň, aýalym özüni erbet duýup başlady. Ol ysgyndan gaçyp, çalt ýadaýardy. Lukmanlar meniň hem ýogyn içegämde dördünji derejeli rak keseliniň bardygyny anykladylar we operasiýa etmelidigini aýtdylar. Ýöne men häzir özümi gowy duýýaryn. Aýalym En-Ketrin hem Ýehowa elinde baryny edip gulluk edýär.

Ýöne diňe biz däl, dogan-uýalaram köp kynçylyklary başyndan geçirdiler. 1994-nji ýylda Ruandada gyrgynçylyk bolanda köp dogan-uýalar gaçgaklaryň lagerine geldiler we bizem olary görmäge bardyk. Şeýle kyn ýagdaýlarda ýaşasalaram, dogan-uýalaryň imany berkdi we myhmansöýerdi. Olary görüp Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna islendik kynçylykda goldaw berýändigine göz ýetirdik (Zeb. 55:22).

En-Ketrin: Biz 2007-nji ýylda Ugandada filialyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Dabara gutaransoň 25-e golaý missionerler we beýtelçiler bolup Keniýanyň Naýrobi şäherine gaýtdyk. Keniýa ýetip gelýärkäk ulag heläkçiligine uçradyk. Garşymyzdan gelýän uly awtobus biziň kiçi awtobusymyzy kakdy. Gynansak-da, sürüji bilen bäş sany dogan-uýa şol bada aradan çykdy. Bir uýany bolsa agyr ýagdaýda hassahana alyp gitdiler. Ýöne olam şol ýerde aradan çykdy. Biz mähriban dostlarymyzy küýseýäris (Eýp. 14:13—15).

Şol ýol heläkçiliginde menem şikes aldym. Ýöne ýuwaş-ýuwaşdan aýaga galdym. Matsda we beýleki dogan-uýalarda bolsa gorky galdy. Köplenç agşamlaryna gorkup turýardym, ýüregim çalt-çalt urup agzymdan çykaýjak bolýardy. Şonda Ýehowa içimi döküp, gowy görýän aýatlarymy okaýardym we olar hakda oýlanýardym. Şeýdip, biraz köşeşýärdim. Biz lukmana-da ýüz tutduk. Olaryň beren bejergisi hem köp kömek etdi. Hudaýa şükür, häzir biz öňki ýaly kän howsala düşmeýäris. Biz Ýehowadan şeýle kynçylyklar bilen göreşýän dogan-uýalara kömek etmegini dileýäris.

Ýehowa size kyn ýagdaýlarda nädip kömek etdi?

Mats: Adamyň çig ýumurtgany döwmejek bolup usullylyk bilen göterişi ýaly, Ýehowa-da bizi eliniň aýasynda göterdi. Ol bize gerek-ýarak zadymyzy artygy bilen ýetirdi. Biz Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly Ýehowanyň söýgüsini we goldawyny gördük.

En-Ketrin: Biz durmuşymyzda bolan ýene bir ýagdaýda Ýehowanyň elini gördük. Bir gün Şwesiýadan jaň edip, kakamyň keselläp hassahana düşendigini aýtdylar. Mats hem gyzzyrma keseli bilen kesellänsoň, şol wagtlar doly aýaga galmandy. Öýe gitmek üçin bilet satyn almaga ýagdaýymyz bolmansoň, maşynymyzy satjak bolduk. Şonda bize bir är-aýaldan jaň geldi. Olar biziň ýagdaýymyzy eşidipdirler we bir bilet satyn alyp bermek isleýändigini aýtdylar. Haýran galaýmaly, olaryň yz ýany bir garry uýa-da jaň edip, pul bermek isleýändigini aýtdy. Ol ýörite mätäçler üçin gutujyk ýasap, oňa pul atýan eken. Şeýdip, bary-ýogy birnäçe minudyň içinde Ýehowanyň kömegi bilen biletli bolduk (Ýew. 13:6).

Siz 50 ýyllap Ýehowa uzak wagtly gulluk edip nämeleri öwrendiňiz?

Mats bilen En-Ketrin bileje ýylgyryp dur.

Mýanmada gulluk edýäris

En-Ketrin: Men bir zada göz ýetirdim: Ýehowa «bil baglap, howsala düşmeseň» güýçden gaçmaýan ekeniň. Biz söweşde Ýehowa bil baglap, onuň halas edişini gördük (Işa. 30:15; 2 Tar. 20:15, 17). Biz bellenen ýerimizde elimizde baryny edip Ýehowa gulluk etdik we köp bereketleri aldyk. Biz başga näme edenem bolsak, şeýle bereketleri alyp bilmezdik.

Mats: Men her bir ýagdaýda Ýehowa bil baglap, onuň elini görmegi öwrendim (Zeb. 37:5). Ýehowa söz berişi ýaly, hemişe-de kömek edýär. Biz häzirem Mýanmadaky Beýtelde gulluk edýäris we Ýehowanyň goldawyny görýäris.

Biz Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýän ýaşlaryňam bol bereketleri almagyny isleýäris. Biz bir zady anyk aýdyp bilýäris: eger ýaşlar Ýehowa bil baglasalar, nirede ekilseler-de gülläp öserler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş