ŞAHSY OKUWY ÜÇIN TEKLIP
Halasgär Hudaýa imanyňyzy berkidiň
4 Musa 13:25—14:4-nji aýatlary okap, ysraýyllaryň Hudaýa imanynyň gowşandygy hakda biliň.
Konteksti bilen okaň. Ysraýyllar Müsürden azat bolanda Halasgär Hudaý Ýehowa bil baglandygyny näme subut edýär? (Zeb. 78:12—16, 43—53). Soňra olaryň imany näme üçin gowşady? (5 Mus. 1:26—28). Ýuşa bilen Kalep Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdi? (4 Mus. 14:6—9).
Gözleg geçiriň. Ysraýyllar Ýehowa imanyny berkitmek üçin näme edip bilerdi? (Zeb. 9:10; 22:4; 78:11). Hudaýa çuňňur hormat goýmak Oňa bil baglamaga nädip kömek edýär? (4 Mus. 14:11).
Sapak ediniň. Özüňize şeýle soraglary beriň:
Maňa haýsy ýagdaýlarda Hudaýa bil baglamak kyn bolup biler?
Men Ýehowa häzir we gelejekde bil baglar ýaly näme edip bilerin?
Uly betbagtçylyk başlanda nämä ynamly bolup bilerin? (Luka 21:25—28).